Zenanlaryň ýaryşy
weather dashoguz 25° C Daşoguz

Zenanlaryň ýaryşy

Sport
14.03.2024  29

TKA-nyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň sport toplumynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda «Sport sagdynlygyň we gözelligiň çeşmesidir» diýen at bilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Ýaryşyň netijeleri boýunça welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň sport toplumynyň topary birinji, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň topary ikinji, Nurmuhammet  Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň topary üçünji ýerleri eýelemegi başardylar.

Ýaryşyň ýeňijilerine medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

image