Zenanlar guramasynda
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Zenanlar guramasynda

Jemgyýet
12.10.2024  344

Hünär bäsleşigi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabarlandyrmak maksady bilen, halkymyzyň köpasyrlyk medeni mirasynyň iň görnükli nusgasy bolan türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşiginiň golaýda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde şäher tapgyry geçirildi.

Halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň şan-şöhratynyň bütin dünýäde dabaralanmagy ugrunda  yhlasyny gaýgyrman, öz zähmetleri bilen goşant goşýan bagtyýarlyk döwrüniň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýan çeper elli, edepli, maşgala ojagynyň abraý-mertebesini belende galdyrýan zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşýan gelin-gyzlar dünýä nusgalyk bolan türkmen keşdeçilik sungatyny ösdürmäge goşýan goşantlary, keşde çekmäge taýýarlyk barada buýsançly gürrüň berdiler. Ýaka, tahýa, kürte keşdelemek üçin zerur bolan iňňe saýlamak, ýüpek sapaklary işmek, nagyş saýlamak, nagyşlaryna laýyklap ýerligini biçmek we ýerini bölmek ýaly ilkinji taýýarlyk işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Soňra saýlap alan keşdeleri barada giňişleýin gürrüň berip,  keşdäniň taryhyny, şeýle hem öz eden el işlerini geýip görkezip, çeper sözleriň, goşgy setirleriniň, rowaýatlaryň we gazallaryň üsti bilen wasp etdiler.

Netijede, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň mugallymy Bahar Kurtowa 1-nji orna, 12-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Zöhre Şaýewa 2-nji orna mynasyp bolup bu bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gülleri görkana, elleri çeper
04.07.2024   379
Jemgyýet Watan goragy — belent mertebe
28.01.2026   94
Jemgyýet Täsirli gezelenç
06.05.2024   733
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
26.09.2024   339
Jemgyýet Gowaça ekişiniň depgini ýokarlanýar
03.04.2024   411
Jemgyýet Dil öwrenmek döwrüň talaby
23.07.2025   201
image