Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmak ugrunda yhlasly zähmet çekýän tejribeli bagbanlar welaýatymyzda-da az däl. Olaryň biri hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Türkmenistan geňeşliginiň Daýhanýap obasynda ýaşaýan kärendeçi bagban Orazgylyç Kakyşowdyr. Bagbanlaryň bahar aladalarynyň barha ýaýbaňlanýan häzirki döwründe alyp barýan işleri hakynda şeýle gürrüň berdi:
— Bahar pasly biziň üçin örän jogapkärli, möhüm möwsüm. Bu döwürde bar bolan bag agaçlaryna ideg etmek, täze nahallary oturtmak ýaly işler has köp gujur-gaýraty talap edýär. Biz hem şundan ugur alyp, onuň ilkinji günlerinden tijenip ugradyk. Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky sahawatly başlangyçlara goşandyňy goşmak her birimiziň borjumyz. Şunda biz — bagbanlaryň üstüne has-da uly borjuň düşýändigini aýtmak bolar. Çünki bagbanlar öz amala aşyrýan işleri bilen köplere görelde bolmak bilen, ýurdumyzda ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine öz goşantlaryny goşýarlar. Meniň özüm her ýyl 100 — 150 müň düýp ýaş bag nahallaryny ýetişdirip, gerek diýen adamlara ýetirýärin. Şu wagt hem bagymyzda islän wagtyň alyp, ekmäge taýýar bolup duran 50 müň düýpden gowrak dürli görnüşli nahal bar. Nesip bolsa, şu ýylyň güýzki bag ekmek möwsümine çenli ýene-de şonçarak nahal ýetişdirerin diýip pikir edýärin. Biziň bu işlerimiz hormatly Prezidentimiziň bagbanlara edýän uly goldawlaryna öz zähmetimiz bilen berýän jogabymyzdyr.
Islendik kärde zähmet çekýän adamda bolşy ýaly, bagban üçin hem öz yhlasynyň ýerine düşýändigini görmek örän ýakymly. Her dürli agaçlaryň nahallaryny idäp paýtagtymyz Aşgabatdan, Ahal, Mary welaýatlaryndan bagbanlar, bag janköýerleri biziň ýanymyza häli-şindi gelýärler. Öz obadaşlarymyzyň, tanyş-bilişlerimiziň hatarynda, olaryň hem möhümini bitirmek bolsa aýratyn guwançly. Sebäbi ýurdumyzyň dürli ýerlerinde öz ýetişdiren nahallaryňdan uly baglaryň döredilýändigini duýmagyň ýakymlylygy başga bolýar. Bagymyzda alma, erik, şetdaly, garaly... umuman, biziň töwereklerimizde öňden ekilýän agaçlardan başlap, bu ýerlere soňky ýyllarda getirilen daragtlara çenli bardyr. Bu agaçlaryň her ýyl berýän hasylynyň mukdary esli bolýar. Olary ýakyn-u-uzak bazarlara ýetirip, il-günümiziň saçaklarynyň berekediniň artmagyna goşant goşýarys. Halkymyzda «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýilýär. Bu bagbançylykda-da şeýle. Ýöne bag özüne siňdirilen azaby, ýadawsyz zähmeti aňryýany bilen gaýtarýar. Bu biziň ile-güne ýetirýän miwelerimizde, ir-iýmişlerimizde, döredýän baglarymyzda aýdyň görünýär. Şonuň üçin hem öz kärimize tüýs ýürekden guwanýarys.