«Zemin ýaşyl geýip, läle getirmiş...»
weather dashoguz 18° C Daşoguz

«Zemin ýaşyl geýip, läle getirmiş...»

Jemgyýet
23.03.2026  114

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni halkymyzyň iň gadymy baýramlarynyň biri bolup, gije-gündiziň ýazky deňleşýän wagtynda, ýagny mart aýynyň 21-22-sinde bellenilýär. Nowruz — bu diňe bir täze durmuşyň başlanmagyny, tebigatyň oýanmagyny, täzelenmegini aňlatman, eýsem, belent ynsanperwer hil sypatlarynyň, hoşniýetliligiň we halallygyň — halkymyzyň milli häsiýetinde beýanyny tapan alamatlaryň dabaralanmagyna beslenen baýramdyr.

Gündogaryň görnükli alymy Omar Haýýam «Nowruznama» eserinde bu baýramyň döreýşini Jemşidiň ady bilen baglanyşdyrypdyr. Abulgazy Bahadyr han «Şejere-ýi terakime» (Türkmenleriň nesil daragty) atly kitabynda türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlaryň mart aýynyň ahyrynda uly ot ýakyp, onda demir böleklerini gyzdyrandyklaryny hem-de ony çekiç bilen ýenjendiklerini belläpdir.

Nowruzy, ýagny täze güni täze lybasly garşylapdyrlar. Nowruz güni saçakda näçe köp tagam goýulsa, ýylyň şonça bereketli geljekdigine ynanylypdyr. Baýramda, adatça, semeni taýýarlanypdyr. Nowruz baýramynda üýşüp semeni taýýarlamagyň maksady täze ýylda bol hasyly, ýurt abadançylygyny, agzybirligi arzuwlamak eken. Semeni bugdaý maýsasyndan taýýarlanypdyr, bu bolsa täze ýaşaýşy, diriligi aňladypdyr. Nowruzda semeniden başga-da, palaw we nowruz köjesi bişirilipdir. Baýram gijesi maşgalanyň ähli agzalary saçagyň başynda bolmaly. Şonda maşgalada agzybirlik höküm sürer, hiç kim maşgala ojagyndan uzaklaşmaz diýen ynanç bar. Omar Haýýam «Nowruznama» eserinde: «Nowruz güni dünýäniň hal-ýagdaýy, görki-görmegi täzelenýär. Kimde-kim, Nowruz güni şadyýan bolsa, ol indiki Nowruzy-da şatlykly garşylarmyş» diýip, beýan edýär.

2009-njy ýylda Nowruz baýramy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Ähli türki halklarda täze ýyl hökmünde bellenilýän bu baýram halklaryň parahatçylyga, döredijilige ymtylyşyny şöhlelendirýär. Şol sebäpli 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda «Halkara Nowruz güni» atly Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, Nowruz baýramy Halkara Nowruz güni diýlip ykrar edildi.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni halkara derejesinde toý-baýrama beslenýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Döwrüň röwşen çyragy
13.01.2026   161
Jemgyýet Uzak ýaş — bagtly durmuş
15.01.2025   352
Jemgyýet Nurana baýramçylygyň şatlygy
31.12.2024   396
Jemgyýet Merdanalygyň belent nusgasy
08.05.2025   295
Jemgyýet Ösüşiň nusgalyk ýoly
20.02.2026   135
Jemgyýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
14.05.2025   393
image