Zeminiň ýaraşygy saýylýan baglarda ylahy kerem, ynsan zähmetiniň rehnedi örboýuna galýar. Bagbanyň yhlasy bilen ene topraga kök uran nahallaryň ýene sanlyja wagtdan zemin kürtesine salnan keşde mysaly jahany görke getirjekdigine şübhe ýok. Aý-günler aýlanar, ýyllar geçer. Şonda dal kamatly ýaş nahallar bu jelegaýlary gül-pürçük bossanlyga, gür çarbaglyga öwrüp, saýasyny salar, bol miwe eçiler. Ana, onsoň keremli baglary ýetişdirip, «dünýä kitabyna adyny ýazan» şol ynsan soňky nesilleriň hakydasynda ebedi orun alar. Bag adam eli bilen döredilen ajaýyp ýadygärlik mysaly onuň ömrüni, dowamatyny bezeýär.
«Bag — gudrat, gül — keramat» diýýär türkmen. Baglyk, gülzarlyk ynsan ýüreginde nepis duýgulary, gözellige söýgini oýaryp, gursakdaky arzuw-hyýallara gönezlik gatýar, ruhuny galkyndyrýar. Ynsan zähmeti, alyn deri bilen döredilen bag adam bilen tebigatyň özara sazlaşygyny, bitewüligini alamatlandyrýar.
Durmuşyň jadyly güýjüne haýran galaýmaly. Özem şol güýji döwür döredýär, zamana şol güýje möwüçli derýalaryňky ýaly akym berýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatdaky döwlet syýasaty dogrusynda oýlananyňda türkmeniň halk dessanlary biygtyýar ýadyňa düşýär. Türkmen edebiýatynda gül-bilbilli, köşgi-eýwanly çarbaglaryň tarypy edilmeýän ýekeje dessana-da duşmarsyň. Olaryň islendigini okanyňda-da, ýüregiň hümmetlenýär. Ol eserlerdäki baglarda bibilleriň kah-kah urup, gülleriň parlap açylýan ajaýyp görnüşiniň waspy edilýär. Olardaky gahrymanlar baga girip, dertlerinden gutulýarlar. Gamly pursatlarynda baglar bilen söhbet edip, syr alyşýarlar. Aşyk-magşuklar bir-birleri bilen tanşanlarynda-da, köplenç: «Kaýsy bagyň güli sen, kaýsy çemeniň bilbili sen?» diýip derdi-hal alyşýarlar. Ana, şol waspy edilýän ter çemenli, alma-narly baglar indi biziň ýurdumyzyň keremli goýnuny bezeýär. Täze taryhy döwürde gadymy türkmen Diýary bagy-bossan künjege öwrüldi. Ata-babalarymyzdan «Bag ekip, miwe dadyranyň, guýy gazyp, teşnäni gandyranyň iki dünýäsem abat bolar» diýen hikmetli pähim galypdyr. Öňküleriň bihal gepi ýok. Aýtmaklaryna görä, ynsan dünýäden gaýyp bolandan soň, eden haýyr we şer işleri ýazylan amal depderi ýapylýarmyş. Ana, şonda ol üç zatdan — amal eden haýyr-sahawatyndan, il-günüň haýryna gurduran metjidinden, geçidinden (köpri), gazdyran içidinden (guýy, käriz) hem-de ýetişdiren baglaryndan sogap gazanar eken. Şu ýerde şonuň bilen bagly bir rowaýaty ýatlap geçesim gelýär. Gadym zamanlarda ähli janly-jandarlaryň diline düşünýän bir ýagşyzadanyň ýoly çarbaglygyň üstünden düşüpdir. Bagda reňbe-reň gülleriň beýhuş ediji ysy kükäp, bilbilleriň hoş owazlary ýaňlanyp duranmyş. Bu görnüşe haýran galan ýagşyzada diň salsa, ähli guşlar kimdir biriniň adyny tutup: «Ekene Alla rehmet etsin!» diýip, alkyş-dilegler edýän ekenler. Ýagşyzada bu çarbaglygyň eýesini görmek islegi bilen ýoluny dowam etdiripdir. Görse, bagyň aňry çetinde bir ýigit işläp ýör diýýär. Saglyk-amanlykdan soň, ýagşyzada: «Bu bagyň eýesi kimdir» — diýip sorapdyr. Ýigit özüni tanyşdyryp bagyň özüniňkidigini aýdypdyr. Ýöne guşlaryň nagmasyndaky adyň başgadygy ýagşyzadany iňkise goýupdyr. Ol bu hakda aýdanda ýigit ýylgyryp: — Ol meniň atam bolmaly. Bu görýän bagyňy hem şol ýetişdirdi — diýipdir. Asyl guşlar häzirki jepa çekip, baglara ideg edýäne däl-de, ony ösdürip ýetişdirene alkyş aýdýan ekenler. Elbetde, bu rowaýat. Ýöne rowaýatyň aňyrsynda sähelçe hem bolsa hakykat bar. Bag ekip, ösdürip ýetişdirmegiň näderejede haýyrly we sogaply işdigi barada bir tymsal bar. Bir gezek sahabalar Muhammet pygamberden: «Ömrümiziň iň soňky gününiň galandygyny bilsek, haýyr işleriň haýsyny etsek sogap bolar?» diýip sorapdyrlar. Esli salym oýlanyp oturan pygamber: «Agaç ekiň!» diýip jogap beripdir.
Türkmende «Saýany ekmedik salkynda ýatmaz», «Bagsyz obada tozan görner», «Sogap — eken saýasy, ýalkanar hak eýesi» diýen kalbyňa, durkuňa-düýrmegiňe siňdiräýmeli eşrepi ýaly pähimler bar. Oýlanyp otursaň, biziň ugur almaly, hökman ýerine ýetirmeli borjumyz hut şu jümlelerde jemlenen ýaly. Çünki, bag haýyrlylykdan, päklikden, söýgiden, bereket-bolçulykdan nyşan. Onsoň hem bu toprakda bag ekip, dünýä kitabynda adyňy galdyrmak ynsan üçin uly bagt.
Türkmeniň «Agaç öser — guş gonar» diýen sözem bar, ahbetin! Ylym şeýle diýýär: 1 gektar ýerde ösüp oturan ösümlikler her gün 220 — 280 kilograma çenli kömürturşy gazyny kabul edip, 180 — 220 kilograma çenli kislorody bölüp çykarýar. Munuň özi her sagatda 200 adamyň arassa howadan dem almagy üçin ýeterlikdir. Muny bagyň içine giren pursadyň dem alşyň ýeňlemeginden, keýpiň çaglanmagyndan hem duýmak bolýar.
Hawa, bag ekilen nahallardan kemala gelýär. Goý, her bir ynsanyň ýagşy päl, uly ynam, päk söýgi bilen ene Ýeriň göwsünde oturdan nahaly köklerini çuňdan-çuň urup, berdaşlansyn! Gollaryny töwerege ýaýyp, diňe bir üstümize däl, kalbymyza saýa bolsun! Olaryň başyna gonan bilbilleriň hoş owazy säheriň gaýmagy mysaly şirinden-şirin nagmalara öwrülip, il-günümiziň aman-esendigini buşlap, älem-jahany ukudan oýarsyn!