Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda sungat adamy bolmaga ymtylýan adamlaryň sany az däl. Sungata jany-teni bilen berlenleriň birine sazanda Meret Bazarow diýýärler. Ol Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Derýalyk geňeşliginde 1965-nji ýylda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Türkmenlerde «Göz görenini, kesewi dürtenini eder» diýen söz bar. Ýaşajyk Merediň obasynda ýaşaýan ussat dessançy bagşy Öre Kakajanowyň döwletli ojagy gelim-gidimli bolýardy. Halypa bagşy öz sazandasy Seýitjan Gurbanow bilen oba adamlaryna aýdym aýdyp, saz çalyp hezil bererdi. Geljekki sazanda Meret bolsa kakasy Bazar aga bilen aýdym-saz edilýän ýere gitmäge howlugýardy. Ýaşlygynda saz sungatyna göwün berip ýören Meret göçgünli aýdym-sazyň owazyna maýyl bolup, kakasynyň dyzyna ýaplanyp süýji uka giderdi. Aýdym-sazdan gulagy ganan halk öýli-öýüne dargaşanda Bazar aga ogly Meredi arkasyna hopba edip öýüne gelerdi.
Ussat sazanda, ildeşlerine ýüreginiň töründäki ajaýyp sazlary bagyş edip ýören Meret Bazarowy bu günki gün ulus-il tanaýar. Oba mekdebinde okaýarka Meret aýdym-saz mugallymy Jumadurdy Şajanowdan, şeýle-de oba medeniýet öýüniň müdiri Jumaş Altyýewden jadyly sungatyň inçe syrlaryny öwrenip başlaýar. Olar Merediň üýtgeşik zehininiň bardygyny duýýarlar. Obalaryndaky orta mekdebi tamamlan Meret Bazarow aýdym-saz ugrundan ýörite bilim almak üçin Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki sazçylyk okuw mekdebine barýar. Türkmen ülkesinden gelen ýetginjegiň saz düşünjesini barlap görýärler. Dogduk mekanynda uly halypalardan tälim alan ýaş zehin synagdan şowly geçýär. Onuň talyplyk ýyllary başlanýar. Bu ýerde-de ol ussat halypalardan tälim alýar.
Şeýlelik bilen, Meret Bazarow ak arzuwlary wysal bolup, dört ýyl içinde sungat sapaklaryny özleşdirip, eli aýdym-saz ugrundan diplomly güneşli Diýaryň gujagyna dolanýar. Onuň ilkinji zähmet ýoly dogduk mekany bolan Köneürgençdäki 18-nji orta mekdepde aýdym-saz mugallymçylygyndan başlanýar. Ol bu ýerde oba çagalaryna 3 ýyllap aýdym-sazdan sapak berýär. Soňra Meredi Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebine mugallym edip işe alýarlar. Birnäçe ýyldan soň sazanda Meret Bazarowy Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda goýulýan sahna oýunlaryny saz bilen bezeýji wezipesine kabul edýärler. Ol bu ýerde birnäçe ýyl zähmet çekenden soňra, welaýat Medeniýet müdirligine işe geçýär.
Ol tüýs saza berlen ynsan. Şonuň üçin bolsa gerek, Meret sazandanyň boş oturan wagtyna gabat geljek gumanyň ýok. Estrada aýdymçylary öz çykyşlarynyň has-da täsirli hem-de kämil bolmagy üçin ussat sazanda bilen hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýarlar. Beýle idegli, gerekli bolmak sazanda üçin uly bagtdyr.