Zehini zyýada nesiller
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Zehini zyýada nesiller

Jemgyýet
20.02.2025  408

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ýaş nesilleriň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Muny indi ençeme ýyllardan bäri zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýe bolan «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň geçirilmegi-de tassyklaýar.

Ders bäsleşikleri bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň guwandyryjy netijelere beslenýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ders bäsleşiklerini guramaçylykly geçirmek babatdaky gözükdirijilerine laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry ýokary guramaçylykly geçirildi. Welaýatyň orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda ders bäsleşiginiň bu tapgyry Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdepde geçirildi.

Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, onuň birinji tapgyrynda okuwçylar Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan sowalnamalara ýazmaça jogap berdiler. Ikinji tapgyr ýazuw işleri boýunça geçirildi. Bäsleşigiň ahyrynda dersleriň her biri boýunça 1-2-3-nji orunlara mynasyp bolan okuwçylar yglan edildi. Baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçylara Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň Diplomlary gowşuryldy. Ýeňijiler ders bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Goşa baýramyň şatlygy
29.06.2026   115
Jemgyýet Mähribanlygyň işjeňlikdäki beýany
01.02.2025   368
Jemgyýet Şadyýan gyzjagazyň üstünligi
19.03.2024   590
Jemgyýet Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty
24.04.2024   518
Jemgyýet Dil öwrenmek döwrüň talaby
23.07.2025   278
Jemgyýet Berkararlyk — döwletlilik mukamy
26.09.2026   49
Jemgyýet Hukuk binýady berkidilýär
14.10.2025   206
image