Zamana buýsanjyň beýany
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Zamana buýsanjyň beýany

Jemgyýet
07.02.2025  182

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýatynyň  Daşoguz şäher tapgyry ýokary guramaçylykly geçirildi. «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde guralan bäsleşikde işjeň zenanlar öz başarnyklaryny görkezdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanýan zenanlaryň döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny ýokarlandyrmakda, olaryň döwür bilen arabaglanyşygyny berkitmekde bu bäsleşigiň aýratyn ähmiýeti bar. Daşoguz şäher zenanlar guramasynyň guramagynda geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna gatnaşan zenanlar bellenen şertlere laýyklykda, ene-mamalarymyzdan miras galan el hünärini dikeltmekde we kämilleşdirmekde, ýaş nesli halal zähmete ygrarly, Watana wepaly edip terbiýelemekde, gujurly hem tutanýerli zähmeti bilen ýokary guramaçylyk ukybyny, harby we hukuk goraýjy ulgamda işjeňligiň belent nusgasyny görkezmekde başarnyklaryny açyp görkezdiler. Zenanlar bagtyýar döwrümizde özleri hakda edilýän aladalara işjeňligiň döwrebap nusgasyny görkezmek bilen jogap berýändiklerini aýan etdiler.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, işjeň çykyş eden zenanlar onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşyjylara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçylarynyň çykyşlary hemmelere ruhy lezzet paýlady.

Bäsleşigiň Ruhubelent etrabynyň medeniýet merkezinde geçirilen etrap tapgyry hem ýokary ruhubelentlige beslendi. 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Täze ýylyň şatlykly dabaralary
07.01.2025   202
Jemgyýet Döwletiň mizemez hukuk binýady
11.09.2025   47
Jemgyýet Biziň döwürdeşimiz
04.01.2025   244
Jemgyýet Gözelligiň we nuranalygyň baýramy
06.03.2024   824
Jemgyýet Suwda seresap bolmaly!
12.05.2025   139
Jemgyýet Tanyşdyrylyş dabarasy
24.01.2025   176
image