Zähmete sarpanyň dabaralanmasy
weather dashoguz 11° C Daşoguz

Zähmete sarpanyň dabaralanmasy

Jemgyýet
13.12.2024  288

Golaýda Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanydyr Kararyna laýyklykda, welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylaryna we jogapkär işgärlerine «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň hem-de ýadygärlik nyşanynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabara welaýat, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda çykyşlar guralyp, baýramçylyk mynasybetli ýürek arzuwlary beýan edildi. Soňra döwlet sylagyna mynasyp bolan adamlara sylaglaryň gowşurylyşy boldy. Toýly günlerde döwlet sylagyna mynasyp bolan bagtyýar adamlar halkymyza egsilmez bagt eçilýän, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryny üpjün etmekde ýadawsyz aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Dabaranyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşdy. Belentden ýaňlanan hoş owazly nagmalarda parahat ýaşaýşyň, gülläp ösüşleriň, halkymyzyň agzybirliginiň, ýurdumyzda amala aşyrylýan belent tutumlarynyň waspy ýetirildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sagdyn durmuş ýörelgesi wagyz edildi
06.08.2024   308
Jemgyýet Berk binýat
07.07.2025   199
Jemgyýet Çagany ýaşdan...
04.06.2024   364
Jemgyýet Ussat  zenanlarymyzyň üstünligi
25.07.2025   183
Jemgyýet Düzgünler berjaý edilmelidir
29.10.2024   317
Jemgyýet Ýurdumyzyň beýik taglymaty
17.06.2025   209
Jemgyýet Halkyň çüwen ykbaly
09.10.2025   120
image