Daşoguz welaýatynda pagta ýygymynyň gyzgalaňly barýan häzirki günlerinde pagta hasylyny isripsiz ýygnap, harmana tabşyrmak işi Köneürgenç etrabynyň «Galkynyş» daýhan birleşiginde hem günsaýyn güýçli depgine eýe bolýar. Ýer eýeleridir olaryň kömekçileri köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamakda gaýratlylyk görkezýärler. Özara bäsleşilip işlenilmegi kärendeçileriň onlarçasynyň pagta öndürmegiň şertnamalaýyn tabşyrygyny gysga wagtda berjaý edip, arzyly pellehana ilkinjiler bolup ýetmegine mümkinçilik beripdir. Olara mysal edip, Doýduk Begnepesowa, Jennet Arazmyradowa, Hemra Nepesow, Jumadurdy Söýünow ýaly ýokary hasylçy kärendeçileriň birnäçesini görkezmek bolar. Pagtanyň birinji ýygymynda hasyllylyk babatda 20 — 22 sentnerlik sepgidi eýeleýän bu kärendeçiler möwsümiň ahyryna çenli bu görkezijini 35 — 40 sentnerden geçirmegi maksat edinýärler.
Pagta ýygymynda Bazar Rejepowyň baştutanlygyndaky 5-nji, Aýmyrat Kartanowyň ýolbaşçylygyndaky 2-nji kärendeçiler toparlarynyň agzalary ýokary işjeňligi bilen tapawutlanýarlar.
Kärendeçileriň özara bäsleşikli işlemegi netijesinde toparlar boýunça gündelik ýyglyp, harmana tabşyrylýan hasylyň mukdary 3-4 tonnadan bäri bolmaýar. Toparlarda erjelligi, ýokary hasylyň öndürilmegine bolan höwesi bilen pagta harmanynyň beýgelmegine saldamly goşant goşýan guýmagursak daýhanlar sanardan köp. Şertnamalaýyn tabşyrygyny has artygy bilen ýerine ýetirip, indi birnäçe günden bäri ýokarlandyrylan borçnamanyň hasabyna pagta tabşyrýan 2-nji kärendeçiler toparyndan Akjagül Amannepesowa, Kakabaý Wezirow, Aýjemal Arazkulyýewa, 5-nji kärendeçiler toparyndan Gülbibi Emedowa, Polat Mamudow, Annadurdy Çowdurow ýaly kärendeçiler muňa mysal bolup biler.
— Ekerançylyk meýdanlarymyzda ýygmaga hasyl näçe diýseň bar. Ynha, synlap durşuňyz ýaly, kombaýn hem ýygyma kömege geldi. Kombaýnyň güýji bilen ýygnalýan gündelik pagta hasyly 5-6 tonna barabar bolýar. Şonuň hasabyna gündelik gazanylýan ösüş hem ozalkysyndan ýokarlandy. Bu bolsa biziň önüm öndürmegiň ýyllyk tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirmegimize şert döredýär — diýip, daýhan birleşiginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Joşan Saparalyýew aýdýar.
Hawa, ady agzalan daýhan birleşiginde pagta ýygymynyň depgini günsaýyn güýçlenýär. Ýygymçylardyr olaryň kömekçileriniň we kombaýnyň güýji bilen gündelik taýýarlanylýan hasylyň mukdary barha ýokarlanyp gidip otyr. Bu bolsa hojalygyň pagta taýýarlamak boýunça bellenilen 1300 tonnalyk sepgidi abraý bilen eýelejekdigine ynam döredýär.