Döwür bilen sazlaşygyň nusgasy
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Watanymyzyň hem halkymyzyň öňünde guwandyryjy işleri bitirýän bagtyýar zenanlaryň arasynda yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde TZB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlaryň 40-a golaýy gatnaşdy.
Şol gün merkeziň giň eýwany zenanlaryň dünýäsi bilen sazlaşykly bezeg aýratynlygyna beslenen ajaýyp görnüşlere doldy. Sünnälenip, sungat derejesine ýetirilen inçeden nepis el işleriniň nusgalarynyň sahnanyň döwresinde rejelenip ýerleşdirilmegi bäsdeş zenanlaryň çykyşlarynyň ýokary derejede bolmagyna, ruhy joşgunlarynyň galkynmagyna, sahnada özlerini arkaýyn alyp barmaklaryna uly ýardam berdi.
Öz işleriniň ussady hasaplanýan zenanlar bäsleşigiň bellenen şertlerine laýyklykda, döwlet edaralarynda ýokary ýolbaşçylyk ukybyny açyp görkezmekde, el hünärleri bilen gaýtalanmajak sungat derejesindäki nusgalary döretmekde, milli däp-dessurlarymyzy ýaş nesle öwretmekde, dünýä ýaýmakda asylly işleri alyp barmakda, ýaş nesilleri döwrebap terbiýelemäge saldamly goşant goşmakda, harby we hukuk goraýjylygy ösdürmekde, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşmakda, ýurduň bazar ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň ösmegine mynasyp goşant goşmakda, halypa-şägirtlik mekdebini dowam etdirmekde ýadawsyz zähmetini açyp görkezmekde özleriniň ukyp-başarnyklaryny täsirli çykyşlarynyň üsti bilen beýan etdiler. Zenanlaryň çykyşlaryna utgaşyklylykda, olaryň alyp barýan işleriniň sahnada wideoýazgysynyň görkezilmegi çykyşlaryň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Bäsleşik örän täsirli, gyzykly ýagdaýda geçdi. Onda boýdan-başa döwür bilen sazlaşygyň, mähribanlygyň, işjeňligiň, özleri baradaky aladalara mynasyp iş bilen jogap bermegiň nusgasy doly aýdyň boldy.
Netijede, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz şäher pensiýa gaznasynyň bölüm başlygy Mährijemal Amanowa, «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oguljan Garlyýewa, «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasyny dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Humar Kadyrowa, «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz şäherindäki 31-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Aýna Gaýypowa, «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Görogly beg adyndaky harby bölümiň harby gullukçysy Mährijemal Arazkylyçewa, «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Görogly etrabynyň Yzmykşir geňeşliginiň Geňeşiniň hünärmeni Gülnabat Pirjanowa, «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça «Bagtybeg lybaslary» tikinçilik öýüniň ýolbaşçysy Bagtygül Meretgylyjowa, «Halypa-şägirtlik ýol-ýörelgelerini dabaralandyrmakda bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň mugallymy Dünýägözel Gutlyýewa dagy ýeňiji diýlip yglan edildi we olar bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Welaýatyň zenan bagşylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymlar, tans toparlarynyň ajaýyp tanslary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.