Bäsleşigiň jemleýji tapgyry
Daşoguz welaýat kitaphanasynda welaýat, şäher, etrap kitaphanalarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň okyjysy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşikde Akdepe etrap merkezi kitaphanasynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň okyjysy Alişer Mätýakubow birinji orna, Görogly etrap merkezi kitaphanasynyň okyjysy Dädebaý Pälwanow ikinji orna, Akdepe etrap merkezi kitaphanasynyň okyjysy Dürdäne Jumadurdyýewa üçünji orna, şeýle hem 18 ýaşa çenli Boldumsaz etrap merkezi kitaphanasynyň okyjysy Muhammet Muhammedow, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasynyň okyjysy Altyn Rejepmyradowa dagy baýrakly orunlara mynasyp boldular.
«Ýylyň okyjysy» bäsleşigine gatnaşanlar TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň Hormat hatlary, sowgatlary bilen sylaglandylar.