Ýuwuş suwy tutulýar
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Ýuwuş suwy tutulýar

Ykdysadyýet
30.01.2025  356

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň pagtaçy kärendeçileri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 18 müň gektar ýerde gowaça ösdürip ýetişdirmegi göz öňünde tutýarlar. Olar häzirki wagtda ekiş möwsümine ýerleri birkemsiz taýýarlamak işlerini ýokary depginlerde alyp barýarlar. Kärendeçi daýhanlar sürüm, tekizleme geçirilen, çiller arkaly kölçelere bölünen ýerlerde ýuwuş suwuny tutmak işine hem giň gerim berdiler.

Gowaça meýdanlaryna akar ýaplardan gelýän, şeýle hem suw sorujylaryň kömegi bilen suw tutulýar. Her bir suw sorujy enjama jogapkär hünärmenler, işçiler berkidilen. Olaryň birleşen tagallalary bilen, suw sorujylaryň gurat işledilmegi gazanylýar. Şonuň netijesinde her günde etrap boýunça 100 gektardan gowrak ýere ýuwuş suwy berilýär. Suwuň talabalaýyk tutulyşyna miraplar, topar ýolbaşçylary gözegçilik edýärler. Ýuwuş suwuny tutmak işleri etrabyň «Akgala», «Akderýa», «Bereket», «Galkynyş», «Şabende» daýhan birleşiklerinde has-da ýokary derejede barýar. Munuň özi etrapda meýilnamada bellenen 35 müň 900 tonna «ak altyn» hasylynyň ýetişdirilmegine ýardam berer.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär
18.10.2025   260
Ykdysadyýet Gallaçylaryň armasy ýetirilýär
23.06.2026   133
Ykdysadyýet Ösüşiň möhüm ugry
14.12.2023   410
Ykdysadyýet Baglar — sahawat çeşmesi
20.03.2026   145
Ykdysadyýet Hojalykda ulanylan kädiler
07.07.2025   351
Ykdysadyýet Ýokary hilli süýji-kökeler
27.08.2024   458
Ykdysadyýet Bereketli hasylyň binýady
11.04.2026   154
Ykdysadyýet Bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar
17.07.2024   493
image