Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şahyrana-pelsepewi edebi mirasy Watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy. Magtymguly diňe türkmen halkynyň däl, eýsem dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr.
Akyldar şahyrymyz diňe türkmenleriň däl, dünýäniň dürli künjeklerinde söze hormat goýýan ynsanlaryň millionlarçasynyň ýüregine ýakyndyr, olar üçin düşnüklidir hem-de sarpalydyr. Muny Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Ýerine ýetiriji geňeşiniň Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigi hem-de Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde belleniljek şanly seneleriň sanawyna girizilendigi bilen delillendirip bolýar.
Indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri öz ady we gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýän akyldar şahyryň goşgularyndaky ynsanperwer pikir-garaýyşlar asyrlar geçse-de gymmatyny, ähmiýetini ýitirmän, halkymyzyň köpýyllyk arzuwlarynyň amala aşmagynyň senasyna öwrüldi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerinde beýik söz ussadynyň edebi mirasyny öwrenmäge, wagyz etmäge bagyşlanan döredijilik duşuşyklary, medeni çäreler giň gerime eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda geçen ýylyň jemlerine, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde durýan wezipelere bagyşlap geçiren giňişleýin mejlisinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini, bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdyljakdygyny aýtmagy halkymyzyň şatlygyny artdyrdy.