Häzirki wagtda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan bilimli, sowatly, kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini kämilleşdirmegiň konsepsiýalarynyň esasynda bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyk derejä çykarmak babatda degişli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaşlara daşary ýurt dilleriniň öwredilmegini kämilleşdirmeklige hem aýratyn üns berilýär. Bilim ojaklarynyň ählisinde diňe iňlis, rus dilleri däl-de, eýsem beýleki dünýä dillerini hem içgin öwrenmeklige ähli şertler döredilen. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini agzamak bolar. Bu ýokary okuw mekdebinde iňlis dili bilen bir hatarda ýapon dili hem içgin öwredilýär. Talyp ýaşlar okuwa ilki dil öwreniş bölüminde başlaýarlar. Okuwda ýapon dilini has gowy öwrenmek üçin ähli mümkinçilikler bar.
Ýurdumyzda ýaş nesiller barada edilýän aladalar özüniň ajaýyp miwesini berýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, dünýä derejesinde geçirilýän olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplaryň sany artýar. Geçen okuw ýylynda ýapon gaznasynyň guramagynda bäsleşik geçirilip, oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýapon dilini öwrenýän talyplary gatnaşdylar. Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden ýeňijä Ýaponiýada okuw saparynda bolmak we ýapon dilini has-da çuňlaşdyryp öwrenmek mümkinçiligi döredildi.
Ylma-bilime höwesli ýaşlaryň döredilýän şertlerden peýdalanyp, dil bilimini diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem dünýä derejesinde kämil derejede öwrenmekleri ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň şaýadydyr.