Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi

Jemgyýet
06.11.2025  28

Häzirki ajaýyp döwrümizde agzybir halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dowam etdirilmegi netijesinde ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar. Deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar. Elbetde, şeýle beýik maksatlara ýetmek üçin, ilkinji nobatda, parahatçylygyň, abadançylygyň bolmagy zerur.

Ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyz üçin aýratyn mana eýedir. Çünki bu ýylda döwletimiz häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we geljekki mümkinçilikleri hasaba almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeldip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary barha ösdürýär. Muňa mysal höküminde şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary guramaçylykly geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny görkezmek bolar. Şeýle hem ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahat bilen bagly «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnama hemişelik Bitarap ýurdumyzyň şan-şöhratyny ýene bir ýola äleme ýaýdy.

Türkmenistanyň Bitaraplygy taryhy geçmişden gözbaş alýar hem-de türkmeniň parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, ylalaşyklylyk ýaly milli aýratynlyklaryna daýanýar. Bularyň ählisi biziň günlerimize çenli saklanyp galan däp-dessurlarymyzda, halkymyzyň we döwletimiziň dünýägaraýyş babatdaky gymmatlyklarynyň häzirki zaman ulgamynda, olaryň esasynda duran ýurdumyzyň ösüşiniň kanunçylyk üpjünçiliginde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň halkara syýasy giňişligindäki iň möhüm üstünlikleriniň biri bolsa, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hökmünde saýlanyp alynmagydyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýanynda Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Häzirki wagtda bu topara birnäçe döwletler agza bolup durýar. Türkmenistan döwletimiz sebit we sebitara hyzmatdaşlykda umumadamzat ähmiýetli meselelere ünsi güýçlendirmek bilen, islendik meseläniň parahatçylyk, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Ýurdumyzyň sebitde we dünýäde asudalygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatyndaky başlangyçlary halkara resminamalaryň onlarçasynda öz beýanyny tapýar. Halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan Bitaraplygymyzyň sebitde durnuklylygyň üpjün edilmegine hyzmat edýändigi bagtyýar watandaşlarymyzyň kalbyny buýsanja besleýär. Şol ýörelgeler goňşy ýurtlar hem-de dostlukly halklar bilen gatnaşyklarymyzyň barha berkemegini şertlendirýär. Oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanylyp işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, telekeçilik üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň örän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk daşary ýurt maýadarlaryny özüne çekýär. Görnüşi ýaly, ýurdumyz halkara gatnaşyklarda parahatçylygy, medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy ilerledip, parahatçylyk döredijilikli daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Alabaýlara bagyşlanan sergi
25.10.2025   45
Jemgyýet Hasabat ýygnagy geçirildi
26.07.2024   337
Jemgyýet Ýol abat — il abat
17.09.2025   44
Jemgyýet Röwşen geljegiň binýady
30.08.2024   328
Jemgyýet Şanly ýylyň dabaralanmagy
24.01.2025   214
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
16.08.2024   257
Jemgyýet Dabaraly duşuşyk
12.02.2023   260
Jemgyýet Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty
24.04.2024   363
image