Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm syýasy waka
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm syýasy waka

Jemgyýet
30.03.2026  44

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 29-njy martynda ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de etrap halk maslahatynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Çünki saýlaw möwsüminde ýerine ýetirilen taýýarlyk işleri, ilat bilen geçirilen wagyz hem-de duşuşyk çäreleri saýlawlaryň ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçmegini üpjün etdi.

Saýlawlar etrap halk maslahatlarynyň agzalary boýunça täze döredilen 42 sany saýlaw okrugynda hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlar boýunça 55 okrugda, 163 sany saýlaw uçastogynda işjeň ýagdaýda geçirildi. Saýlawlar güni syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary, raýatlar topary tarapyndan hödürlenip, hasaba alnan 201 sany dalaşgäre Daşoguz welaýaty boýunça 215 480-den gowrak saýlawçy ses bermäge gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň çözgüdi esasynda welaýatda täze döredilen Gubadag hem-de Garaşsyzlyk etraplarynda we beýleki etraplarda saýlawlar güni toýy ýatladýan ýagdaýlar emele geldi. Ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar dabaraly pursatlarda milli demokratiýanyň giňden dabaralanýan ajaýyp ýurdumyzda bagtyýar durmuşyň hözirini görmäge giň mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimiziň adyna çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Jemgyýetçilik durmuşynda möhüm syýasy wakanyň dabaralanýan gününde ilkinji gezek ses bermäge gatnaşýan ýaşlara welaýatyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Demokratik ýörelgeleriň ähmiýetine çuňňur düşünýän ildeşlerimiz saýlawlara işjeň gatnaşyp, iň mynasyp gören adamlaryna öz seslerini berdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dil öwrenmek döwrüň talaby
23.07.2025   201
Jemgyýet Gurmak, döretmek ýoly bilen
02.11.2024   351
Jemgyýet Mertebeli menzilleriň şatlygy
04.04.2025   332
Jemgyýet Ýaz nygmaty
01.04.2024   384
Jemgyýet Täze ýylyň toý döwresi
31.12.2025   119
Jemgyýet Hemişe ýüregiňi diňle!
03.10.2025   145
Jemgyýet Saglygym — baş baýlygym
22.02.2025   308
Jemgyýet Belent hormatyň buýsanjy
02.11.2024   322
image