Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikleri
weather dashoguz 11° C Daşoguz

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikleri

Ykdysadyýet
18.02.2026  55

Belent tutumlardan beýgelýän taryhy döwrümize şan berjek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýene-de bir şanly senesi — 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenip geçildi. Bu baýram döwletimiziň alyp barýan oňyn Bitaraplyk ýörelgesine hem-de «Açyk gapylar» syýasatyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna laýyklykda gazanylýan üstünlikleri, türkmen diplomatiýasynyň bu ugurdaky mynasyp goşandyny dabaralandyrýar.

Garaşsyz döwletimiz ilkinji günlerden halkara gatnaşyklar ulgamynda ösüşiň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki ornunyň pugtalanmagyna aýratyn ähmiýet berdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ýörite Kararnama esasynda ykrar edilmegi bilen, ýurdumyz dünýä gatnaşyklaryndaky işjeňligini has-da artdyrdy. Parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, bir-biregi goldamak ýaly asylly ýörelgelere esaslanýan daşary syýasatymyzyň üstünlikleri ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrdy. Bu bolsa türkmen diplomatiýasynyň gazanan ýokary netijeleridir.

Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan 160-a golaý döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, daşary ýurtlarda diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralarynyň 40-dan gowragy, şol sanda biziň döwletimizde hem şonçasy, halkara guramalaryň onlarça wekilhanalary hereket edýär. Döwletimiz halkara guramalaryň 50-den gowragynyň agzasy bolup durýar we dürli ugurlar boýunça halkara şertnamalaryňdyr konwensiýalaryň 200-e golaýyna gatnaşýar. Munuň özi ýurdumyzyň diplomatik işiniň geriminiň näderejededigini görkezýär.

Şonuň bilen baglylykda, Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny durmuşa geçirýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, Çagalar gaznasy, Ösüş maksatnamasy, Senagat ösüşi boýunça guramasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi, Ykdysady we Durmuş geňeşi, Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi ýaly ýöriteleşdirilen düzümleridir beýleki birnäçe komitetleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk döwletimiziň halkara derejesindäki abraýyny artdyrýar, ornuny pugtalandyrýar.

Ýurdumyzyň diplomatik gatnaşyklarynyň geografiýasy dünýäniň yklym we sebit döwletlerini öz içine alýar. Şeýle hem BMG, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara düzümler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki işjeňliginiň barha giňeýändigini açyp görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Biz köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işiniň kämilleşdirilmegi, onuň maliýe we maddy-tehniki üpjünçiliginiň berkidilmegi, diplomatlaryň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagy ugrunda tagalla edýäris» diýip, uly buýsanç bilen belleýär. Gullugyň işgärleriniň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça edilýän aladalar, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, işgärleriniň we maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş we beýleki hukuklaryny kanun arkaly goramak babatda durmuşa geçirilýän beýik tutumlar diplomatik gullugyň işgärleriniň şeýle aladalara özleriniň mynasyp işleri bilen jogap bermek baradaky maksatlaryny hem borçlaryny has-da artdyrýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly
01.07.2025   189
Ykdysadyýet Pileçileriň yhlasly işleri
07.05.2024   265
Ykdysadyýet Tehnikanyň sazlygy — üstünligiň kepili
16.08.2025   150
Ykdysadyýet Bol hasyl ugrunda
31.03.2025   253
Ykdysadyýet Ýokary hilli gowaça tohumy
22.01.2026   61
Ykdysadyýet Telekeçilik ulgamynyň rowaçlyklary
22.07.2024   269
Ykdysadyýet Baglarda sahawat bar
18.03.2025   222
Ykdysadyýet «Ak altynda» hümmet bar
31.10.2024   202
image