Türkmenistanyň Prezidentiniň: «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Maksatnamada ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny utgaşdyrmak, jemgyýetçilik we şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek, olaryň arasynda milli däp-dessurlary wagyz etmek, raýat jogapkärçiligini, zähmete söýgini terbiýelemek, ýaşlar toparlarynyň isleglerini öwrenmek, hasaba almak we olary kanagatlandyrmak ýaly döwletimiz hem-de jemgyýetçilik üçin örän möhüm wezipeleri çözmek göz öňünde tutulýar. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, şol sanda hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga gönükdirilendir. Maksatnamanyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine itergi bermekde möhüm ähmiýeti bardyr. Öňde goýlan maksatlaryň we wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmagy demokratik ýörelgeli, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goraýan hem-de olary durmuşa geçirýän nusgalyk jemgyýeti kemala getirmäge mümkinçilik berýär. Ýaş nesli watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek hemişe möhüm wezipeleriň biridir.
Türkmenistanyň kanunçylygynda ýaşlaryň durmuş-ykdysady, syýasy hukuklary we azatlyklary doly kepillendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmek, bu ulgamdaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi kesgitlenendir. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hereket edýändigini bellemek bolar.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kadalaryna esaslanyp, ýaşlaryň hukuklary we azatlyklary üpjün edilýär, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňyn mümkinçilikler döredilýär. Kanunyň 20-nji maddasynda Türkmenistanyň döwlet goldawynyň esasy ugurlarynyň hatarynda bilim, medeniýet we sungat çygrynda ýaş raýatlary, ýaş maşgalalary, ýaş alymlary, ýaş hünärmenleri, ýaş telekeçileri goldamak, ýaş raýatlaryň ykdysady özbaşdaklygynyň üpjün edilmegine we olaryň zähmet hukuklarynyň we borçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek ýaly ugurlar berkidilendir. Şeýle hem ýaşlaryň, ýaşlar birleşikleriniň jemgyýetçilik taýdan ähmiýetli başlangyçlary, jemgyýetçilik-syýasy işi hem-de halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy döwlet tarapyndan goldanylýar.
Ýurdumyzda ähli ugurlardan amala aşyrylýan işleriň düýp özeninde hut ýaşlaryň geljegi baradaky aladalar durandyr diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Çünki ýaş nesliň ylym-bilimli bolup ýetişmegi bilen bagly tutumlaryň sagdyn hökmündäki durmuş ýörelgesine ugrukdyrmak bilen utgaşdyrylmagy olaryň her biriniň şahsyýet ösüşinde zerur bolan gujur-gaýratlylygy, batyrgaýlygy terbiýelemek bilen birlikde, ruhy kämillige we jemgyýetçilik işjeňligine hem uly täsir edýär. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljeginiň has-da röwşen boljakdygyny aýdyň beýan edýär.