Ýüpekçilik
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Ýüpekçilik

Jemgyýet
22.05.2026  38

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pile öndürilişini artdyrmak barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde yhlasly zähmet çekýän Daşoguz welaýatynyň pileçi kärendeçileri ýetişdiren bereketli hasyllaryny ýitgisiz ýygnap almaklyga öz wagtynda girişip, häzirki wagtda bu möhüm çäräni ýokary depginlerde alyp barýarlar. Şonuň netijesinde olaryň pile harmanlarynyň başy barha belende göterilip, şu ýylyň hem uly üstünliklere beslenmegine saldamly goşant goşjakdyklaryna şaýatlyk edýär.

Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň zähmetsöýer pileçileriniň şu möwsümde-de bu babatda öňe saýlanýandyklary örän guwandyryjydyr. Çünki olar şu günlerde ýetişdirilen hasyly döwlet harmanyna goşmakda görelde alarlyk işleri amala aşyrýarlar.

Paýdarlar jemgyýetiniň pile kabul ediş bölüminiň müdiri Röwşenaý Hojaýewanyň aýtmagyna görä, hojalygyň 826 sany pileçi kärendeçisi şu möwsümde jemi 1315 guty ýaş gurçuklary idetmeklige alyp, olara göwnejaý hyzmat etmeklige ähli gujur-gaýratlaryny gönükdiripdirler. Şeýlelikde, olaryň garamagyndaky ýüpek gurçuklarynyň kadaly ösüşi gazanylypdyr. Bu bolsa olaryň ýokary hilli pile hasylyny kemala getirmeklerini üpjün edipdir. Munuň şeýle bolmagynda bu hojalykda ýüpek gurçuklarynyň tohumlaryny örüzip, ýaş gurçuklary taýýarlamakdan başlap, olaryň tut ýapraklary bilen ýeterlik üpjün edilmegine çenli pileçi kärendeçilere döredilýän şertleriň ähmiýeti hem örän uludyr.

Paýdarlar jemgyýetinde ýylyň-ýylyna Watan harmanyna bol pile hasylyny tabşyrmakda ýetilýän belent sepgitlere öz ýadawsyz zähmetleri bilen mynasyp goşant goşýan tejribeli kärendeçileriň köp sanlysy agzybirlikli iş alyp barýarlar. Olaryň onlarçasynyň häzirki möwsümde hem öz meýilnamalaryny şu wagta çenli artygy bilen berjaý edendiklerini aýtmak zerur bolup durýar.

Şeýle göreldeli pileçi kärendeçileriň hatarynda paýdarlar jemgyýetiniň kabul ediş bölümine her biri 110 — 150 kilogramdan agdyryp pile getiren Fahreddin Meňliýewiň, Roza Mätýakubowanyň, Inabat Kozyýewanyň, Dilber Atajanowanyň, Rozygül Täjimuradowanyň we beýlekileriň atlaryny tutmak ýerlikli bolar. Sebäbi olaryň harmana tabşyran pile hasylynyň mukdarynyň bereketli bolandygy bilen birlikde, hiliniň hem ýokarydygy bellärliklidir. Paýdarlar jemgyýetiniň pile kabul ediş bölüminde ýetişdiren pile hasylyny tabşyrýan pileçi kärendeçileriň yzy üzülenok. Olaryň her biriniň şu pursatlarda öz yhlasly zähmetleriniň berýän netijesine guwanjynyň çäksizdigini-de aňmak kyn däl. Ýylyň başynda hojalyk boýunça şu möwsümde jemi 48 tonna ýokary hilli piläni Watan harmanyna goşmak meýilleşdirilipdir. Şu günlerde kabul ediş bölümine tabşyrylýan pile hasylynyň möçberleri netijäniň möwsümiň ahyryna çenli bu sepgitden has ýokary boljakdygyny doly tassyklaýar. 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Täze sahna eseri
03.03.2025   345
Jemgyýet At alsaň, aslyny sora
21.05.2026   44
Jemgyýet Bagtdan paýly körpeler
03.07.2025   323
Jemgyýet Biraýlyk üstünliklere beslendi
30.09.2025   146
Jemgyýet Şöhratly taryhyň şaýady
22.12.2025   137
Jemgyýet Ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.09.2024   404
Jemgyýet Bagtyýarlyk şuglasy
11.12.2025   109
Jemgyýet Okuw maslahaty geçirildi
30.12.2025   158
image