Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň şäherdir obalaryny abadanlaşdyrmak, arassalygyny, tämizligini üpjün etmek, ýaşaýjylar üçin amatly ekologiýa şertlerini döretmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Şonda bu ugurda iş alyp barýan edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmeklige hem uly ähmiýet berilýär.
Golaýda Daşoguz welaýat Jemagat hojalygy birleşigine daşary ýurtdan satyn alnan, arassaçylyk-abadanlaşdyryş işlerinde ulanmaklyga ýöriteleşdirilen ulaglaryň, traktorlaryň, olaryň ýardamçy enjamlarynyň 150-si gelip gowuşdy.
Şu waka mynasybetli guralan dabara welaýatyň döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Jemagat hojalygy birleşiginiň we onuň şäher, etrap bölümleriniň işçi-hünärmenleriniň uly topary gatnaşdylar.
Dabaranyň gyzgalaňly pursatlarynda mährem eneler täze ulaglara, traktorlara nepis alajalary dakyp, üstüne aklygyň-päkligiň nyşany bolan ak un sepdiler, olaryň uzak wagt halkymyzyň hyzmatynda bolmagyny arzuw etdiler.