Illeri-illere, halklary-halklara ýakynlaşdyrýan ýollaryň asudalygy milli Liderimiziň sazlaşykly häsiýete eýe bolýan belent başlangyçlarynyň biridir. Onuň «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly buýsançly şygar astynda geçirilýän biraýlyk çäreler arkaly has-da berkidilmegi bolsa, soňky ýyllarda ak ýollarda asuda hereketiň üpjün edilmegine getirdi. Köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyny hem-de ulaglaryň sazlaşykly hereketini hemişe üns merkezinde saklamalydygy barada Belent Serkerdebaşymyzyň yzygider berýän tabşyryklaryny amal etmekde biraýlyk çäräniň uly ähmiýetiniň bardygy bellenilmäge mynasypdyr.
Milli kanunçylygymyzda ýol hereketiniň we ulag serişdelerini ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy bilen bagly jogapkärçiligiň berkidilendigi barada ilat köpçüligine ýeterlik düşünjeleriň berilýändigi hem uly ähmiýete eýe bolýar. Çünki tehniki näsazlyk tapan awtoulaglaryň ulanylmagy ýa-da sürüjiniň awtoulagyny serhoş ýagdaýda dolandyrmagy, tizligiň artdyrylmagy ýaly düzgün bozulmalaryna ýol berilmegi ak ýollarda hereketiň sazlaşygyna öwezini dolup bolmajak zyýan ýetirýär. Şu nukdaýnazardan, herekete gatnaşyjylaryň bu babatda hukuk düşünjeleriniň artdyrylmagy aýratyn üns merkezinde saklanylmaly wezipä öwrülýär.
«Ýol abat — il abat» diýen ata-babalarymyzyň durmuşdan alnan parasatly pähimine eýerilip, häzirki wagtda dowam edýän biraýlyk hakykatdan-da, il-günümiziň abadan durmuşyny, ýollarymyzyň asudalygyny üpjün etmegiň ygtybarly çäresidir. Halkymyzy hemişe bagtyýar pursatlardan paýly edýän Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, maksatly tutumlary mundan beýläk hem rowaç alsyn!