«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk sürüjilerde, pyýada ýolagçylarda ýol hereketiniň düzgünlerine jogapkärçilikli garamak endigini terbiýeleýär. Biraýlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylýan wagyz-nesihat, düşündiriş çärelerinde raýatlarymyza köp gatnawly köçedir ýollaryň islendik ýerinden kesip geçmän, ýolyşyklaryň bar ýerinden, ýörite geçelgelerden geçmelidigi, ýol hereketiniň ähli düzgünlerini doly berjaý etmegiň zerurdygy hakynda düşündirilýär.
Ýol hereketine gatnaşýan her bir raýat ünsli bolmalydyr, hüşgärligi elden bermeli däldir. Çagalara, ýetginjeklere ýol hereketiniň kadalary diňe bir mekdeplerde, çagalar baglarynda däl, eýsem, maşgalada ata-eneleri tarapyndan hem düşündirilse has göwnejaý bolardy. Olara ýollardan geçenlerinde howlugyp, ylgap geçmegiň ýa-da el telefonuny ulanmagyň, başga zatlara ünsüňi bölmegiň netijesinde ýol-ulag hadysasyny, hereket bökdençliklerini döredip biljekdigi hakynda düşündirilmelidir. Mundan başga-da, ulular çaga bilen ýoldan geçenlerinde hökman onuň elinden tutmalydyrlar, kiçi ýaşly çagalaryň köçeden ýeke özüniň geçmegine asla ýol bermeli däldirler. Ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmek ýüze çykyp biläýjek ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almagyň baş şertidir.