Ýollarymyz asuda bolsun
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Ýollarymyz asuda bolsun

Jemgyýet
23.09.2025  198

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu biraýlygyň esasy maksady ýol-ulag kadalarynyň hemişe berjaý edilmeginiň zerurdygyna raýatlaryň ünsüni çekmekden ybarat. Täze taryhy döwürde halkymyzyň abadan ýaşaýşyny, durmuş rahatlygyny berkarar etmek babatda ägirt uly tagallalar edilýär.

Abadan Diýarymyzda ak ýollara rowana bolan ildeşlerimiziň sag-aman barmaly menzillerine ýetmegi hem uly döwletlilikden, bagtyýarlykdan nyşandyr. Şu nukdaýnazardan ugur alanymyzda, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek has wajyp bolup durýar. Ýollarda tizligi aşa ýokarlandyrma, ýol-ulag hereketiniň kadalaryny talaba laýyk berjaý etmezligiň ulag hadysalarynyň döremegine getirmegi mümkin. Bu babatda her bir raýatyň öz jogapkärçiligini we borjuny duýmagy zerur.

Köçe-ýol hereketinde bökdençlikleriň we ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüni almakda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň ähmiýeti örän uludyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sungatyň ýaş zehinleri
05.03.2026   137
Jemgyýet Magtymguly — ynsanyýet şahyry
16.12.2024   407
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edildi
21.06.2024   458
Jemgyýet Bilim ýoly — bagt ýoly
30.08.2025   253
Jemgyýet Täze ýylyň toý döwresi
31.12.2025   181
Jemgyýet Halkymyzyň guwanjy, ýakyn syrdaşy
25.10.2025   198
image