Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň we onuň ýerlerdäki birlikleriniň şahsy düzümi tarapyndan ýol hereketine gatnaşýan pyýadalaryň ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmegine gözegçilik güýçlendirilýär. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiň esasynda duýduruş berilýär ýa-da birnäçe gezek ýol hereketiniň kadalaryny gödek bozan we bozmagy dowam etdirýän raýatlara kanun esasynda jerimeler salynýar.
Sürüjilerde, pyýadalarda we ýol hereketine gatnaşýan beýleki raýatlarda ýol hereketiniň howpsuzlygy babatda ýokary hukuk medeniýetini, tertibini kemala getirmek, olarda ýol hereketine sarpa goýmak duýgusyny terbiýelemek boýunça degişli wagyz-nesihat, düşündiriş ähmiýetli çäreleri ýokary derejede guralýar.
Biraýlyk çäre mynasybetli welaýat Polisiýa müdirliginiň ähli şahsy düzümi we polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümleri tarapyndan wagyz-nesihat topary döredilip, biraýlygyň dowamynda çagalar baglarynda, mekdeplerde, edara-kärhanalarda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Wagyz-nesihat duşuşyklarynda ýaş nesillere we raýatlarymyza ýol-ulag hadysalary bilen bagly wideo ýazgylar yzygiderli görkezilýär.