Biraýlyk badalga aldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň sentýabr aýynda Garaşsyz ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy —ömrümiziň rahatlygy» atly şygar astynda hereket howpsuzlygynyň biraýlygyny geçirmek indi däbe öwrüldi. Onuň ýokary derejede guralmagy halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň abadan, asuda, ulag ýollarynyň hadysasyz bolmagynyň, ýurdumyzda iň gymmatly baýlyk hasaplanylýan ynsan saglygynyň ygtybarly goralmagynyň kepili bolup durýar. Şoňa görä-de, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»ýylynda hem bu ýörelgä aýratyn üns berilýär.
Belli bolşy ýaly, biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň obadyr şäherlerinde, etrabara, şäherara ýollarynda ulag hereketiniň howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryna laýyk amala aşyrylmagyna pugta gözegçilik etmek bilen birlikde, edara-kärhanalarda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, umumybilim berýän orta mekdeplerde, çagalar baglarynda duşuşyklar, gürrüňdeşlikler, ýörite sapaklar guralýar. Olarda polisiýanyň ýol gözegçiligi gulluklarynyň işgärleri, şonuň ýaly-da jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ähmiýeti, bu babatdaky talaplaryň aýratynlyklary, olaryň her bir maşgalanyň abadan bolmagyna ýardamy hakynda gürrüň berýärler.