«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy»
weather dashoguz 16° C Daşoguz

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy»

Jemgyýet
01.09.2025  310

Abadan durmuşyň kepili

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk üstünlikli geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu möhüm çäräniň guramaçylykly amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlüp, şu aýyň başyndan oňa badalga berildi.

Biraýlygyň esasy maksady döwlet hem-de şahsy ulaglaryň gatnaşmagynda, ýollarda gatnawlaryň ýol hereketiniň düzgünlerine laýyklykda howpsuz hereketini üpjün etmekden, ynsan ömri, saglygy üçin howply bolan ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakdan, ýol hereketine gatnaşýan sürüjileriň, pyýadalaryň hüşgärligini, seresaplylygyny ýokarlandyrmakdan, ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmeklige olaryň ünsüni çekmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, şu aýyň dowamynda degişli edaralaryň, gulluklaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň edara-kärhanalarda, okuw jaýlarynda, orta mekdeplerde, çagalar baglarynda we beýleki ýerlerde yzygiderli bolup, degişli ugur boýunça düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini alyp barmaklaryna aýratyn üns berilýär.

Elbetde, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň ýokary derejede geçirilmeginiň oňat netijeleri berýändigini geçen ýyllaryň tejribeleri aýdyň görkezýär. Şonuň üçin-de onuň barşynda, ondan soňraky döwürde hem bu babatda öňde goýulýan wezipeleriň pugta berjaý edilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Çünki hemmämize mälim bolşy ýaly, ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagynyň her bir maşgala öwezini hiç bir zat bilen dolup bolmajak ýitgileri getirmegi, ynsanyň saglygyna uly zeper ýetirmegi ahmaldyr. Şeýle bolansoň, ulag sürüjileriň, pyýadalaryň ýola çykmazdan öň, bu hakda oýlanmaklary, ýollarda örän seresaply hereket etmekleri zerur bolup durýar.

Halkymyzyň ýaşaýyş derejesi barha ýokarlanýar. Şeýle ajaýyp döwürde her bir maşgalanyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu babatda  geçirilýän şu biraýlyk hem örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şonuň üçin hem oňa hemmeleriň işjeň gatnaşmaklary möhümdir. Ýollarymyz ak bolsun!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Şanly ýylyň şanyna
22.02.2023   459
Jemgyýet Bagtyýarlygyň buýsançly söhbedi
04.04.2025   381
Jemgyýet Döwrebap ulaglar ilatyň hyzmatynda
11.09.2024   487
Jemgyýet Çeper elli zenanlaryň üstünligi
09.08.2024   443
Jemgyýet Hoş habaryň ýakymy
02.01.2025   397
Jemgyýet Sapaly kenaryň ajaýyp goýnunda
20.11.2024   413
Jemgyýet Möhüm wezipeler kesgitlenildi
23.10.2024   370
image