Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Jemgyýet
17.09.2024  464

Asuda ýollar —abadan iller

Dowam edýän biraýlyga bagyşlap Daşoguz welaýat Salgyt bölüminiň mejlisler zalynda döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda ýol hereketiniň kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi barada «Sagdyn jemgyýet — kämil döwlet» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramaklyga aýratyn uly üns berilýändigini, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Çykyş edenler «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň ähmiýetini bellediler. Olar ýolda özüňi alyp barmagyň medeniýeti, pyýada ýolagçy bilen sürüjiniň sazlaşykly hereketi, ýol hereketine gatnaşyjylar tarapyndan howpsuzlygy berjaý etmegiň düzgünleri barada giňişleýin durup geçdiler. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň oňat netije berýändigini bellediler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bilimli nesil — Watanyň guwanjy
29.04.2024   410
Jemgyýet Saglygym- baş baýlygym
03.03.2026   74
Jemgyýet Magtymguly Pyragy — ylham çeşmesi
20.03.2024   457
Jemgyýet Ylym-bilime sarpa
27.05.2025   232
Jemgyýet Arkadagyň dünýä uzan ak ýoly
19.03.2025   294
Jemgyýet Ýol abat — il abat
17.09.2025   143
image