Ýol abat — il abat
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Ýol abat — il abat

Jemgyýet
17.09.2025  212

Islendik ynsan ýola çykanda, ilki bilen, maşgalasyna, çagalarynyň arasyna sag-aman dolanyp gelmegi arzuw edýär. Emma şonda sürüjiniň ýa-da pyýadanyň sähelçe ýalňyşlygy, perwaýsyzlygy bilen bu ýagşy niýetiň puja çykmagy-da mümkin. Çünki beýle ýagdaýlaryň ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna getirip bilýändigi belli.

Elbetde, häzirki dowam edýän biraýlygyň esasy maksady her bir adamyň beýle ýagdaýlara gabat gelmezligini gazanmakdan ybarat. Şonuň üçin hem bu babatda amala aşyrylýan çäreler aýratyn ähmiýete eýe bolmak bilen, biziň her birimiziň olara ýakyndan goldaw bermegimizi talap edýär. Ata-babalarymyz ýola çykan adama «Ýoluň ak bolsun!» diýip ýagşy arzuw edipdirler. Bu däp häzir hem dowam edýär. Goý, hemişe ýollarymyz ak, öýlerimiz abadan bolsun!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Mertebeli menzilleriň şatlygy
04.04.2025   418
Jemgyýet Döwre buýsanjyň beýany
22.01.2026   180
Jemgyýet Döwrüň röwşen çyragy
13.01.2026   188
Jemgyýet Şadyýan tomus
17.07.2024   483
Jemgyýet Bedew batly ösüşleriň menzili
19.01.2026   181
Jemgyýet Gyrgunan
30.12.2024   448
Jemgyýet Hukuk binýady berkidilýär
14.10.2025   208
image