Ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi ýola goýlan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäreler ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Daşoguz welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde hem giňden ýaýbaňlandyrylýan biraýlygyň çäginde söhbetdeşlikler, wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar geçirilýär.
Olarda ýol-ulag hadysasy bilen baglanyşykly wideoşekilli ýazgylaryň görkezilmegi biraýlygyň täsirliligini has-da artdyrýar. Kesgitlenen meýilnama laýyklykda, biraýlygyň dowamyndaky çärelere edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar işjeň gatnaşýarlar.
Biraýlygyň esasy maksady raýatlaryň ýol hereketiniň kadalaryna jogapkärçilikli çemeleşmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýol hereketiniň kadalaryny dogry we doly berjaý etmek her birimiziň borjumyzdyr.