Ýol abat – il abat
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Ýol abat – il abat

Jemgyýet
04.09.2024  344

Ýollar biziň gündelik durmuşymyzda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Biz her gün işe, okuwa ýa-da çagalar bagyna gidenimizde, ýollary kesip geçýäris. Bu bolsa biziň hereket howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmegimiz bilen aýrylmaz baglydyr. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýurdumyzda ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegi babatynda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň çar künjüne uzaýan nurana ýollarda asudalygyň, hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň gazanylmagynda pyýadalaryň we sürüjileriň sazlaşykly hereket etmegi möhümdir. Dürli görnüşli ulaglaryň artýan häzirki döwründe ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek möhüm talaplaryň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp geçirilýän çäreler halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde wajyp orna eýedir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baýramçylyk şatlygy
31.12.2024   279
Jemgyýet Ak bugdaýyň Watany
03.02.2025   457
Jemgyýet Mähir ummany
04.11.2025   149
Jemgyýet Ylmy-amaly maslahat geçirildi
15.12.2025   106
Jemgyýet Medeni mirasyň hukuk esaslary
14.01.2026   96
Jemgyýet Köne güzer
11.02.2025   371
Jemgyýet Il saglygy – ýurt baýlygy
06.07.2024   403
image