Ýokary hilli süýji-kökeler
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Ýokary hilli süýji-kökeler

Ykdysadyýet
27.08.2024  345

Garaşsyz ýurdumyzda ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýan telekeçiligi ösdürmek babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Munuň özi telekeçileriň, hususy kärhanalaryň önümçilik netijeleriniň ýokarlandyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň özümizde has köp öndürilmeginiň üpjün edilmegine, azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Bu babatda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» şeýle bellenilýär: Obalarda, şäherlerde çörek, et we süýt önümlerini öndürýän kiçi kärhanalaryň täzelerini gurmak ýola goýlar. Munuň özi ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmaga we önümleriň görnüşlerini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine we täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer». Öňde goýlan şu wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň hem dürli künjeklerinde şeýle kärhanalaryň ençemesi işe girizildi. Olaryň biri-de Görogly etrabynyň Bedirkent geňeşliginiň Ýylgynly obasynda ýerleşýän «Gaýa» haryt nyşanly hususy kärhanasydyr.

Kärhananyň döredilenine heniz köp wagt bolmandygyna garamazdan, bu ýerde önüm öndürilişinde düýpli öňegidişligiň bardygyny aýtmak bolar. Şunda kärhana täze, döwrebap enjamlaryň ençemesiniň getirilip, önümçilige ornaşdyrylmagynyň, şeýle hem öz işine yhlasly ýaş işçi-hünärmenleriň işe kabul edilmeginiň ähmiýeti uludyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ýolaman Atjyýewiň ýolbaşçylyk edýän bu kärhanasynda, esasan, konditer, ýagny süýji-köke önümlerini öndürmeklige ugrukdyrylan bölümlerinde häzirki wagtda olaryň 15-e golaý görnüşi öndürilip, söwda nokatlarynyň üsti bilen alyjylara ýetirilýär. Olaryň arasynda «Petir köke», «Süle köke», «Ak köke», «Keks» we beýleki önümler bar. Olary öndürmekde bu ýerde iki sany bölüm hereket edip, olarda ýaşlaryň jemi 10-a golaýy zähmet çekýär. Olardan Hojamyrat Salaýew, Maksatmyrat Hudaýberdiýew, Aýşat Amankulyýewa, Gülzada Öwelekowa dagy öz iş orunlarynda uly yhlaslylyk görkezýärler.

— Kärhanamyzda öndürilýän önümlere halkymyz tarapyndan uly isleg bildirilmegi biziň işimiziň öňe gitmegine, işçi-hünärmenlerimiziň has-da yhlasly zähmet çekmeklerine ýardam berýär — diýip, Ýolaman Atjyýew aýdýar: — Biziň döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, geljekde öz önümçiligimizi has giňeltmek, öndürýän önümlerimiziň görnüşlerini artdyrmak maksadymyz bar. Nesip bolsa, geljekde bazar şertlerinde işlemegiň talaplaryna doly jogap berýän önümçiligi ýola goýarys.

Elbetde, häzirki döwürde, bazarlarymyzdaky bolçulyk ýagdaýynda öz öndüren önümleriňe hyrydar tapmak ýeňil däl. Çünki ol ýerlerde alyjylar ýokary hilli, göze ýakymly önümleri saýlap alýarlar. Bir söz bilen aýdylanda, önümleriň bäsdeşlige ukyply bolmagy esasy şerte öwrülýär. Gürrüňi edilýän kärhananyň işgärleri hem muňa oňat düşünýärler. Muny olaryň öndürýän önümleriniň köpüň göwnüne ýaraýandygy-da subut edýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Gowaçaly pellerdäki yhlas
27.05.2025   154
Ykdysadyýet Döwrebap ymaratlaryň gurluşygynda
22.07.2025   206
Ykdysadyýet Isleg bildirilýän önümler
06.02.2026   85
Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
21.04.2026   39
Ykdysadyýet Azyk bolçulygyna goşant
21.04.2026   32
Ykdysadyýet Möwsüme taýýarlyk ýokary depginde
24.03.2026   44
Ykdysadyýet Telekeçiligiň ösdürilmegine uly goşant
20.08.2025   148
Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
14.04.2026   32
image