Ýokary hilli önümler
weather dashoguz 12° C Daşoguz

Ýokary hilli önümler

Ykdysadyýet
19.06.2024  107

Ýurdumyzda, şol sanda Daşoguz welaýatynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň bökdençsiz dowam etdirilmeginde, ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly beýleki binalaryň we desgalaryň  ýokary hilli gurlup, öz wagtynda ulanmaga berilmeginde gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň işçi-hünärmenleriniň hem uly goşantlary bardyr. Çünki olar  gurluşyk üçin zerur bolan gurluşyk serişdelerini ýeterlik derejede öndürmek hem-de bellenen ýerlere ugratmak bilen, şeýle netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýärler.

Bu babatda Daşoguz welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň hem häzirki dowam edýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli işleri amala aşyrýandyklary bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar welaýatymyzyň çäklerinde gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna, beýleki desgalara niýetlenilen gurluşyk önümlerini ýokary hilli öndürmek bilen, bu babatda göz öňünde tutulan meýilnamalary üstünlikli berjaý etmegiň hötdesinden gelýärler.

Kärhanada  3 sany, ýagny armatur, galyplaýjy hem-de beton garyjy bölümler hereket edip, olarda jemi 80-e golaý işçi-gurluşykçylar zähmet çekýär. Olaryň yhlasly, agzybirlikli iş alyp barmaklarynyň netijesinde, dürli möçberli gurluşyk önümleriniň 30-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Olaryň hatarynda jaýlaryň binýady üçin bloklar, beton plitalar, iri panelli diwarlyklar, çarhawuklar we beýlekiler bar. Bu önümleriň hiliniň ýokary bolmagy, esasan, şu ýerde zähmet çekýän adamlaryň başarjaňlygy, ussatlygy, öz işlerine jogapkärli çemeleşmekleri bilen baglanyşykly. Şonuň üçin hem olaryň her biri bu hakda aýratyn alada edýär.

Agzalan bölümlerde, bellenilen iş orunlarynda şeýle yhlaslylyk görkezýän ussalaryň, hünärmenleriň, ýük göteriji enjamlara erk edýän ýigitleriň hatarynda Halbaý Durmuşow, Azimbaý Atajanow, Saparmyrat Haýytbaýew, Kudrat Eltarow, Berdimyrat Bekiýew we beýlekiler bar.

Kärhananyň işçi-hünärmenleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin oňaýly şertler döredilýär. Şonda olaryň dynç almaklary, naharlanmaklary üçin zerur mümkinçiliklere aýratyn üns berilýär. Mundan başga-da, tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň pugta berjaý edilmegi, arassaçylyk, gorag, iş serişdeleri bilen üpjünçiligiň gowulandyrylmagy barada hem düýpli aladalanylýar.

Daşoguz welaýatynyň çäklerinde gurluşyk işleri barha ýaýbaňlandyrylýar. Şeýlelikde, şäherlerde, obalarda täze binalar, desgalar peýda bolýar. Elbetde, olaryň şeýle ykjam gurulmagynda, gözel görke gelmeginde şu kärhananyň işçi-hünärmenleriniň hem mynasyp goşantlary bar diýsek örän dogry bolsa gerek.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Işleriň depgini ýokary
03.04.2025   59
Ykdysadyýet Şalyçylaryň zähmet üstünligi
02.12.2024   95
Ykdysadyýet Tohumyň müňlesin, daýhan!
05.09.2024   91
Ykdysadyýet Baglar —zeminiň bezegi
12.02.2025   60
Ykdysadyýet Gök ekinleriň idegi ýetirilýär
05.06.2024   119
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly ugrunda
14.03.2025   63
Ykdysadyýet Telekeçilik ulgamynyň rowaçlyklary
22.07.2024   118
image