Ýokary guramaçylyk derejesinde
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Ýokary guramaçylyk derejesinde

Jemgyýet
11.03.2026  140

Şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlara Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu ugurda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri halk köpçüliginiň arasynda bolup, ýurdumyzyň ösüşlerine işjeň gatnaşýan raýatlary dalaşgärlige hödürleýärler.

Saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, etrabymyzda saýlaw uçastoklarynyň 51-si döredilip, olaryň ählisi ses berilýän kabinalar we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçylar üçin degişli gutular, saýlawa degişli resminamalaryň doldurylyş yzygiderliligini görkezýän gollanmalar taýýarlanyldy. Her saýlaw uçastogynda saýlawçylary hasaba almak işleri öz wagtynda ýerine ýetirilýär.

Saýlawlar güni ses bermäge ilkinji gezek gatnaşjak ýaşlar aýratyn üns merkezinde saklanýar. Olar bilen duşuşyklar geçirilip, ses bermegiň tertibi bilen giňişleýin tanyşdyrylýar.

Şeýlelikde, öňde boljak saýlawlar ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň binýadyny has-da berkider hem-de demokratik ýörelgeleriň dabaralandyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sürüjileriň hünär bäsleşigi
16.11.2024   402
Jemgyýet Baky bagtyň şuglasy
22.09.2025   219
Jemgyýet Saglyk sahawatynyň saýasynda
24.08.2024   427
Jemgyýet Şöhraty jahana dolan Pyragy
18.12.2024   408
Jemgyýet Bagtyýar zenanlaryň üstünligi
23.10.2025   283
Jemgyýet Saýlaw işiniň hukuk esasy
26.02.2026   140
image