Ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagy
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagy

Jemgyýet
10.03.2026  98

Golaýda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli, «Bir asyrlyk şöhratly ýol — bu ynsanperwerligiň ýeňşi» diýen at bilen dabaraly çäre geçirildi. Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde geçirilen dabaraly çärede, ilki bilen, bir asyr bäri ynsanperwerligiň, sahawatyň hem-de ýagşylygyň nyşany bolup gelýän TGÝMJ-niň taryhy ýoly, häzirki türkmen jemgyýetindäki orny baradaky wideoroligiň görkezilmegi dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Çärede çykyş edenler guramanyň alyp barýan, ynsanperwerlik ýörelgelerine, adam saglygyny goramaga, howply ýagdaýlarda tiz kömek bermäge hem-de jemgyýetde ynsan mertebesini goramaga gönükdirilen giň gerimli işleri barada aýratyn nygtap geçdiler. Dabaranyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly tanslar oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Saglyk — gymmatly baýlyk
08.07.2025   249
Jemgyýet Bag — durmuşyň bezegi
30.10.2024   464
Jemgyýet Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri
10.01.2025   387
Jemgyýet Ulgamyň beýik ösüşleri
21.07.2025   344
Jemgyýet Bagtdan paýly körpeler
03.07.2025   369
Jemgyýet Durmuş mekdebine ak ýol
26.05.2026   100
Jemgyýet Döwrüň rowaçlygy
26.07.2025   227
Jemgyýet Döwletli ýörelgelere badalga
06.09.2025   209
image