Ynsanperwerligiň we ruhy päkligiň belent dabarasy
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Ynsanperwerligiň we ruhy päkligiň belent dabarasy

Jemgyýet
27.05.2026  111

Gurban baýramynyň mynasyp derejede garşy alynmagy ýurdumyzyň asudalygyny, parahatlygyny, Watanymyzyň beýik ösüşleriň ak ýoly bilen geljege sary ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar. Baýramyň ilkinji güni ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynyň iň görnükli künjekleriniň birinde ýerleşen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada guralan dabaralaryň şatlyk-şowhuny degre-daşy gurşap aldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döredip, nesilden-nesle geçirilip gelýän däp-dessurlaryna, milli baýramlaryna uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen baýramçylyk dabarasyna ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdy.

Ýatdagalyjy öwüşginlere beslenen dabara ildeşlerimiziň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň, şadyýan çagalaryň kalplarynda ruhy galkynyşy döretdi.

Baýramçylyk dabarasynyň ýaýbaňlandyrylan toý meýdançasynda gurlan ak öýleriň hatarydyr hiňňildikler milli hem döwrebap sazlaşygy emele getirdi. Baýramçylygyň iň esasy aýratynlygy bolan toý gazanlarynda atarylan milli tagamlar, giňden ýazylan desterhanlaryň bezegi bolan gök önümlerdir miweler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň berkarardygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Toý gatlamalarydyr pişmelerini taýýarlaýan gelin-gyzlaryň ýerine ýetiren folklor çykyşlary dabaranyň mazmunyny baýlaşdyrdy.

Baýramyň esasy alamaty bolan hiňňildikleriň töweregi hem şatlyk-şowhuna beslendi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, gadymy däp-dessurlary we milli medeniýeti welaýatyň folklor-tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly, şowhunly çykyşlarynda öz beýanyny tapdy. Läleler, monjugatdylar, aýdyşyk aýdymlary dabaranyň şagalaňyny has-da belende göterdi.

Baýramçylyk meýdançasynda milli oýunlary oýnaýan şadyýan çagajyklaryň ýüzlerinde bagtyýar döwrümize, parahat durmuşymyza bolan buýsanç mese-mälim duýulýardy. Milli göreş, ýaglyga towusmak, düzzüm, küşt, ýüzük bukdy oýunlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy medeni gymmatlyklarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini äşgär etdi.

Dabaranyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, höwesjeň aýdymçylarynyň taýýarlan baýramçylyk

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Awaza dost-doganlygyň mesgeni
29.08.2025   248
Jemgyýet «Guşy gonanda tut!»
04.02.2026   158
Jemgyýet Şanly toýa bagyşlanan maslahat
06.12.2025   173
Jemgyýet Dabaraly maslahat
19.07.2025   229
Jemgyýet Sagdyn geljegiň binýady
23.10.2024   405
Jemgyýet Saglygym — baş baýlygym
22.02.2025   372
image