Ynsanperwerligiň beýik waspçysy Magtymguly Pyragynyň edebi-mirasy, umumadamzat edebi-ruhy gymmatlygyna öwrülen döredijiligi Watan, il-halk, dost–doganlyk, parahat durmuş, ýagty geljek, agzybirlik baradaky parasatly pikir-garaýyşlary özünde jemleýär.
Şanly senelere beslenýän ýylymyza Magtymguly Pyragynyň adynyň dakylmagy milli mirasymyza sarpany artdyrmakdan, şahyryň eserlerini ýaş nesle öwretmekden hem-de dünýä ýaýmakdan, ýaşlary beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat ruhunda terbiýelemekden ybarat bolup durýar. Bu işlerde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alynmagy ýöne ýerden däldir. Çünki hezreti Magtymguly diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda-da öçmejek yz galdyran şahyrdyr. Akyldar şahyrymyz sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde şugla saçýan parlak ýyldyzdyr. Onuň bize galdyran edebi mirasynyň gymmatyna diňe şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar. Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr.
Şahyryň mazmuna we çeperçilige baý saldamly döredijiligine ser salanymyzda, onuň halk döredijiliginden hem-de dünýä edebiýatyndan iýmitlenen çuňňur kökleriniň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Akyldar şahyrymyzyň halallyk, agzybirlik, watansöýüjilik baradaky öwüt-nesihatlary şu günki bagtyýar zamanamyzda hem öz gadyr-gymmatyny ýitirmän, ýaşlarymyza terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Şahyryň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri biziň şu günki bagtyýarlyk döwrümiziň syýasatynyň esaslaryny düzýär.
Häzirki döwürde şahyryň abraý-mertebesi has-da artyp, onuň eserleri dürli daşary ýurt dillerine terjime edildi. Bu gün halkymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuw eden döwrüne ýetdi.
Ýurdumyzda «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky» kabul edilen Karar halkymyzyň beýik şahyra bolan hormatyny ýene-de bir gez beýgeltdi.