Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýylda döredildi. Şondan bäri hem ol Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketlerine laýyklykda, il-ýurt bähbitli wajyp işleri amala aşyryp gelýär. Bu özbaşdak jemgyýetçilik guramasynyň işindäki düýp tutujy esas ynsanperwerlik hem bitaraplykdyr.
Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketleriniň düýpli ýörelgesi bolup, olar gyşarnyksyz ýöredilip gelinýär. Olar ynsanperwerlik, bitaraplyk, garaşsyzlyk, meýletinlik, ýeke-täklik, köptaraplylyk ýörelgeleridir. Bu ýörelgeleriň her biri giň düşünjelere eýe bolup durýar.
Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Tertipnamasyndaky esasy wezipeleri ýurduň arassaçylyk goraglylygyny berkitmäge, oňa zähmetkeşler köpçüligini çekmäge, ýokanç we beýleki keselleriň öňüni alyp, ilatyň goraglylygyny gowulandyrmaga, şonuň ýaly-da, harby hereketlerde we tebigy betbagtçylyklarda heläkçilik çeken adamlara kömek bermäge gönükdirilendir.
Taryha nazar aýlasak, ýurdumyzda Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti öz işini başlanda, bu jemgyýetiň ygtyýarynda paýtagtymyzda diňe bir ambulatoriýa we şäher hassahanasynyň hirurgiýa bölüminde ýerleşen bir otag bolupdyr, onda diňe bir lukman işläp, näsaglary kabul edipdir. Kem-kemden Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ilkinji guramalary döredilip, jemgyýetiň işjeň gatnaşmagynda çagalar baglary, dynç alyş ýerleri açylyp, jemgyýet tarapyndan göçme duşuşyklar guralýar, kino we gurjak oýunlary görkezilýär, radioýaýlymda beýanlar okalyp başlanýar.
Häzirki wagtda düzüminde welaýatlarda, şäherlerde we etraplarda guramalary, müňläp şahsy agzalary, meýletinçileri bolan Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti gaýragoýulmasyz meseleleri çözmäge işjeň gatnaşyp, döwletiň ilkinji kömekçileri bolup durýar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýar. Ynsanperwer işleri ýörelge edinýän bu jemgyýet ilatyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirmek bilen, olaryň saglygyny goramakda, raýatlara durmuş taýdan goldaw bermekde we ynsanperwerlik gymmatlyklary ýaýratmakda uly işleri alyp barýar.