Ynsanperwerlige çagyrýan goşgular
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Ynsanperwerlige çagyrýan goşgular

Jemgyýet
02.04.2024  279

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän şanly ýyldyr. Ýaşlarymyzdan başlap, ýaşululara çenli onuň aýdymlaryny aýtmagy, şygyrlaryny diňlemegi gowy görýärler. Şahyryň pähim-paýhasa baý şygryýetini düzýän goşgularynyň ählisinde edep-ekramlylyga, kanagatlylyga, ynsanperwerlige bolan mizemez çagyryşlar ýaň salýar.

Beýik akyldar şahyrymyz adamlary şirin sözli, süýji dilli, mylakatly bolmaga çagyrýar. Şahyryň halkymyzyň şol döwürdäki ýaşaýşyny, durmuşyny, dürli wakalara gatnaşygyny, gahrymançylyklaryny, arzuw-isleglerini çeper beýan edýän goşgularynda ynsanperwerlik ýörelgeleri şöhlelenýär.

Agzybirlik, il-ýurdy söýmek, bir bitewi döwlete birleşmek, mertlik, batyrlyk, ar-namysly bolmak ýaly meseleler şygyrlarynyň ählisinde-de şahyryň kalbyndan çykýan ýürek owazy bolup ýaňlanýar.

Beýik akyldaryň gymmatly eserlerini döreden döwründen bäri ençeme ýyllar, asyrlar geçen hem bolsa, onuň galdyran edebi mirasy, dürdäne setirleri asla könelmeýär, öz çeperçilik gymmatyny ýitirmeýär.

Beýik akyldar şahyr watansöýüjiligi, dost-doganlygy, zähmetsöýerligi, tutanýerliligi, päk ýürekliligi, dogruçyllygy, arassa ahlagy ynsanperwerligiň özeni, görki hasaplaýar. Şahyr ýaramaz endikleri: gybatkeşligi, ýaltalygy, ýalançylygy berk ýazgarypdyr. Pöwheler, gopbamsylar, bilimsekler hem şahyryň tankydy nazaryndan sypmandyr.

         Magtymguly bu gün ähli babatda geňeşçimiz, halypamyz, döwürdeşimiz, beýik ussadymyz hökmünde biziň bilen bilelikde ýaşaýar. Beýik akyldarymyzyň döredijiligi, baý edebi mirasy uly terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolup, onuň pent-nesihatlary, öwüt-ündewleri ýaşlarymyz üçin ruhubelentligiň hem-de ynsanperwerligiň gymmatly edep-terbiýe mekdebidir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Goşa toýuň şanyna
12.06.2024   303
Jemgyýet Belent hormatyň buýsanjy
02.11.2024   226
Jemgyýet Kitap seniň dostuňdyr
06.11.2025   16
Jemgyýet Baýramçylyk sowgady gowşuryldy
05.03.2025   196
Jemgyýet Halkyň çüwen ykbaly
09.10.2025   33
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
26.09.2024   236
image