Ynsanperwer ýörelge
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Ynsanperwer ýörelge

Jemgyýet
29.09.2025  201

Hormatly Prezidentimiziň taryhy çözgüdine laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly toparyna raýatlyk pasportlarynyň, Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamalaryň gowşurylmagy hem milletimiziň dosty dogan saýmak, oňa doganlyk goluny uzatmak ýaly aňyrdan gelýän iň asylly hem haýyrly işleriniň bu günki gün giňden dabaralandyrylýandygyny açyp görkezýär.

Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen dabara hem köp sanly adamlaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň uludan bellenilýän şanly toýunyň öňüsyrasynda geçirilen bu dabara türkmeniň milli häsiýetleriniň ynsanperwerlikli hem ýokary adamkärçilikli taraplaryny doly açyp görkezdi. Daşoguz şäheri boýunça daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasyna Daşoguz welaýat Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.

Dabara mynasybetli çykyşedenler öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Soňra daşary ýurt raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Parahat hem asuda ýurdumyzda bagtyýar ýaşamak mümkinçiligine eýe bolan adamlaryň her biri ygtyýarnamany maňlaýyna sylyp, çyn ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler. Şeýle ynsanperwer işleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar.

Şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň baýramçylyk çykyşlary joşgunly kalplara ruhubelentlik paýlady.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Göwünleri nurlandyrýan bedewler
15.04.2026   119
Jemgyýet 12-nji iýun — Ylymlar güni
12.06.2025   409
Jemgyýet Baky bagtyň binýady
27.08.2026   58
Jemgyýet Belent maksatly Watan
01.01.2026   160
Jemgyýet Sagdyn durmuş ýörelgesi wagyz edildi
06.08.2024   370
Jemgyýet Bilim binýady berkidilýär
27.07.2024   474
Jemgyýet Ynsanperwer däpleriň dabaralanmagy
02.04.2025   377
image