Ynsanperwer däpleriň dabaralanmagy
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Ynsanperwer däpleriň dabaralanmagy

Jemgyýet
02.04.2025  258

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri has-da rowaçlanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy giňden bellenilýär. Şanly ýylyň ajaýyp senesi mynasybetli Daşoguz welaýatynda hem giň gerimli dabaralar geçirildi.

Daşoguz şäherindäki saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirilen baýramçylyk dabarasy has-da täsirli boldy. Daşoguz welaýat häkimliginiň, Saglygy goraýyş we Baş bilim müdirlikleriniň bilelikde guran aýdym-sazly çäresine il sylagly ýaşulular, mährem eneler, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa edilen çagalar, bilim, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu ýerde gutlag sözleri bilen çykyş edenler berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň saglygyny goramakda,  ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmekde hem-de ynsanperwer ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna möhüm ornuň degişlidigini belläp geçdiler.

Soňra bu ýerde welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alan çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Toý sowgadyna mynasyp bolan bagtyýar nesiller özleri barada atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

Bu ýerde welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň bagtyýar okuwçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary-da ýaýbaňlandyryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet «Ýaňlan, Diýarym!»
08.08.2024   316
Jemgyýet Nurana ýoluň çeper beýany
17.12.2025   85
Jemgyýet Döwletli ýörelgelere badalga
06.09.2025   133
Jemgyýet Işjeňligiň hem zehiniň sazlaşygy
03.10.2025   86
Jemgyýet Kalplary buýsançly bagtyýar iller
16.09.2025   115
Jemgyýet Ýagty geljegiň binýady
03.04.2025   268
Jemgyýet Ynsan-gymmatly baýlyk
15.09.2025   108
image