Ynsan-gymmatly baýlyk
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Ynsan-gymmatly baýlyk

Jemgyýet
15.09.2025  133

    Hukuk döwletimizde adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletiň we jemgyýetiň gymmatly baýlygynyň adamdygy bellenilýär. Şunda adamy goldamak, azatlyklaryny we hukuklaryny goramak ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde kesgitlenilýär. Döwlet halkyň bähbidini goramak bilen, raýatlaryň ýaşamagy, işlemegi, göwnejaý dynç almagy üçin şertleri döredýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek maksadynda ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Döwletimiz tarapyndan berilýän  uzakmöhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna gurulýan jaýlar ilatymyzyň ýaşaýyş jaý üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyna ýardam berýär.

Ýurdumyzda ilatyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň biri-de, döwletiň ykdysady goldawydyr. Hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň netijesinde, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň 70 göterimden gowragy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adamyň hukuklarynyň we bähbitleriniň kanun taýdan goralýandygyny hem bellemek möhümdir. Degişli kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilip durulmagy hukuk namalarynyň döwrebaplygyny üpjün edýär. Golaýda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bularyň ählisi halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmäge, raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilendir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Täsirli geçen okuw maslahaty
24.04.2026   36
Jemgyýet Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
25.12.2024   313
Jemgyýet Behişdi bedewleriň çeper waspy
03.03.2026   82
Jemgyýet Şöhraty jahana dolan Pyragy
18.12.2024   317
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
08.08.2025   153
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
26.09.2024   323
Jemgyýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
14.05.2025   279
Jemgyýet Ösüşiň täze menzillerine tarap
11.10.2025   134
image