Ynam. Bu sözde egsilmez güýç, tükeniksiz many bar. Ynsanyň durmuşy, ömri ynamdan başlanýar.
Adam ynam bilen ilkinji ädimini ädýär.
Ynam bilen mekdebiň işiginden ätleýär.
Ynam bilen kesp-kär, hünär öwrenýär.
Ynam bilen özbaşdak durmuş ýoluna gadam goýýar.
Her bir işiň başlangyjy, ilkinji ädim adamy düýpli oýlanyşdyrýar. Onda men şu işi başararmykam, başarmazmykam diýen ýaýdanma, ikirjiňlenme peýda bolýar. Şol pursatda adamyň öz-özüne, geljegine bolan ynamy ikoýlulygy ýeňip geçmäge ýardam edýär. Adamyň okan, öwrenen zatlary, ylym-bilim gory, gören-eşidenleri, başdan geçirenleri, durmuş we iş tejribesi, adamlar bilen gatnaşyklary onuň ätjek ädimine ynam berýär. Ynam — mukaddes güýç. Ynamdan düşmek öz-özüňi ýitirmekdir.
Ynsan gatnaşyklary hem birek-birege bolan ynamdan başlanýar. Ynamyň ýok ýerinde gatnaşyklaryň hem uzaga gitmejekdigi şübhesizdir. Ynsan ýakyn adamlaryna ynanýar, islendik ýagdaýda olara bil baglaýar. Ata-eneňe, doganyňa, dostuňa, umuman, özüň üçin ýakyn saýýan adamlaryňa berk ynamyň seniň şolar bilen durmuş salynda parahat ýüzýändigiňi, ynamyň gowşak bolsa salyň uzak ýüzmejekdigini aňladýar.
Adamlara ynanmak, bil baglamak diýmek, labyryňy tutuşlygyna şolaryň üstüne atmak diýmek däldir. Gatnaşyklar hemişe iki ýa-da köptaraply bolýandyr. Durmuş adamlary dürli synaglardan geçirýär. Şol synaglardan geçip bilşiň, adamlaryň saňa bolan garaýşyny, ynamyny kesgitleýär.
Ynam hakynda gürrüň edilende, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyna ýüzlenesiň gelýär. Roman biri-biri bilen logiki baglanyşykly bolan «Ynam — güýç», «Ynam — söýgi», «Ynam — ganat» atly üç bölümden ybarat. Durmuşa, mähriban kakasyna, adamlara, ýeňşe bolan beýik ynamy eseriň baş gahrymany, ýetginjek Mälikgulyny urşuň kynçylykly ýyllarynda tiz kämillige ýetişip, ilhalar ynsan bolup ýetişmegine getirýär.
Hemmeleriň söýgüli şahyry Gurbannazar Ezizow hem özüniň ilkinji goşgular ýygyndysyny «Ynam» diýip atlandyrypdyr. Aýtmaklaryna görä, şahyryň kitabyny şeýle atlandyrmagynyň iki sebäbi bar eken. Birinjisi, onuň öz-özüne, döredijiligine ynamy, ikinjisi, şu sözi yzdan öňe okasaň «many» diýen söz gelip çykýan eken. Hawa, ynam mukaddes zat. Onda uly many bar. Ynam älem ýaly giň, deňizden çuň, asman ýaly tükeniksiz, daglar ýaly beýikdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli durmuşyna guwanyp ýaşamak bizde ertirki bagtly günümize berk ynam döredýär. Goý, adamlaryň birek-birege, mukaddes zatlara bolan ynamy hiç haçan synmasyn! Durmuşymyzy, gatnaşyklarymyzy ynam atly mukaddes güýç bilen has-da ösdüreliň!