Ylym-bilime sarpa
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Ylym-bilime sarpa

Jemgyýet
27.05.2025  233

Ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny kämilleşdirmeklige, ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermeklige, Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşjak kämil ýaşlary kemala getirmeklige aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmelere syn edenimizde, çagalar baglaryndan başlap, orta mekdepleriň, ýörite orta we ýokary bilim berýän okuw jaýlarynyň ençemesiniň gurlup ulanmaga berlendiginiň, bar bolanlarynyň durkunyň täzelenip, olarda dünýä ülňülerine gabat gelýän, ähli amatly şertleriň döredilendiginiň, okuw esbaplary, kitaplar, interaktiw, multimedia enjamlary bilen üpjün edilendiginiň janly şaýady bolýarys.

Şöhratly taryhymyzyň sahypalaryny agtaranymyzda hem halkymyzyň ylym-bilim almaga, sowat öwrenmäge örän ürç edendigine, şol ylym-bilime teşneligiň netijesinde türkmen topragynda dünýä ylymlarynyň dürli ugurlarynyň ösmegine, dünýä ýüzüne ýaýramagyna önjeýli goşant goşan alymlaryň kemala gelendigine, iri-iri bilim ojaklarynyň gurlandygyna göz ýetirýäris. Ata-babalarymyzyň ylym-bilim öwrenmek baradaky durmuş ýörelgeleri täze taryhy döwürde döwrebap görnüşde, häzirki zamanyň ösen talaplaryndan ugur alnyp dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini bolsa ýylyň-ýylyna ýurdumyzda ýokary bilim berýän okuw jaýlarynyň sanynyň hem-de ýurdumyzdaky ýokary we ýörite orta bilim berýän okuw jaýlaryna kabul edilýän talyplaryň sanynyň artyp barmagynda hem aýdyň görmek bolýar.

Milli Liderimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» diýen bölümi «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýen jümle bilen başlanýar. Bölümiň giriş sözi bolan bu jümlede ata-babalarymyzyň terbiýä, ylym-bilime bahasyna ýetip bolmajak gymmatly miras hökmünde garandyklary, bu mirasa mydama gadyr goýmaklygy ündäp gelendikleri baradaky pikir beýan edilýär. Bu bölümde şeýleräk bir rowaýat hem beýan edilýär:

«Bir adam öz ogluny ýedi ýaşynda bilim almak üçin molla beripdir. Oglan ukyply bolandygy üçin okamagy, ýazmagy tiz wagtda öwrenipdir. Kakasynyň oglunyň sowadyndan göwni hoşal bolupdyr.

— Mollaňa meniň salamymy aýt hem-de şu tyllalary oňa ber! — diýip, ogluna birnäçe tylla beripdir.

Oglan kakasynyň aýdyşy ýaly, molla tyllalary uzadyp:

— Kakam sizden minnetdar boldy we şuny ugratdy — diýipdir.

Molla birbada geňirgenipdir-de puly alman:

— Men heniz onça tylla alar ýaly bilim berip ýetişemok — diýipdir.

Oglan agşam öýlerine gelende, onuň jogabyny kakasyna aýdypdyr. Kakasy:

— Bilimiň her zerresi altyn ahyry. Men seniň mollaň ýekeje günki sapagyna hem, eger elimde bolsa dünýe malyny bererdim — diýipdir».

Bu rowaýatyň üsti bilen dana pederlerimiziň ylym-bilime, sowat öwrenmeklige nähili belent derejede sarpa goýandyklaryna aýdyň göz ýetirmek bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ýörelgeler esasynda terbiýelenen, döwrebap bilimli, ylmyň dürli ugurlary bilen meşgullanýan ýaşlar ata Watanyň daýanjy hasaplanýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Buýsançly gürrüňler edildi
27.08.2025   155
Jemgyýet Dünýäniň nazaryndaky taglymat
17.11.2025   116
Jemgyýet Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
18.04.2026   54
Jemgyýet Ýagşylyk ýörelgesi
04.06.2026   12
Jemgyýet Zenan saglygy ugrunda
23.02.2023   409
image