Ylym-bilime giň ýol
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Ylym-bilime giň ýol

Jemgyýet
20.12.2025  226

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimdir ylmy ösdürmäge giň ýol açylýar. Häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamakda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň öňünde wajyp wezipeler goýulýar. Şolaryň oňyn çözülmegi üçin Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde hem uly aladalar edilýär. Mekdebiň pedagog-mugallymlary multimedia tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanýarlar.

Häzirki wagtda bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär. Muňa mugallymçylyk mekdebiniň okuw işleriniň mysalynda göz ýetirmek bolýar.

Mugallymçylyk mekdebinde nazary bilimler bilen bilelikde, okuw tejribeligi ýokary hilli alnyp barylýar. Nazary sapaklarda berlen bilimlere halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda tejribede amal edilýär.

Okuw meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, talyp ýaşlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, olaryň nazary okuwlarda alan bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyryp berkitmek maksady bilen, okuw ýylynyň dowamynda okuw-önümçilik tejribelikleri guralýar. Talyp ýaşlaryň tejribelikleri «Türkmenistanyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň önümçilik-hünär öwreniş tejribeligi hakyndaky» Düzgünnama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň çägindäki orta mekdeplerde we çagalar baglarynda geçirilýär. Ýerine ýetirilen işler esasynda tejribeligiň gündeligi hem-de hasabatlary ýöredilýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
13.07.2024   505
Jemgyýet Suw boýunda biten garaja tal
24.01.2026   179
Jemgyýet Magtymguly — ynsanyýet şahyry
16.12.2024   425
Jemgyýet Sünnäli işiň ussatlary
23.05.2025   306
Jemgyýet Wysala gowşan ak arzuwlar
21.06.2025   314
Jemgyýet Suwda seresap bolmaly!
12.05.2025   354
Jemgyýet Bütindünýä immunizasiýa hepdeligine
25.04.2026   152
image