Ylmyň gadymy mekany
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Ylmyň gadymy mekany

Jemgyýet
12.06.2025  281

Halkymyz ähli döwürlerde hem hiç wagt ylymdan, ösüşden yza galan däldir. Ol adamzadyň medeni-ruhy ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen, ylym dünýäsinde belent derejelere ýeten halkdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ilkinji önümçiligiň, iri ylmy-medeni merkezleriň ýurdumyzyň çäklerinde dörändigi, halkymyzyň astronomiýa, geologiýa, fizika, himiýa, geometriýa, lukmançylyk, edebiýat, dil ýaly ylmyň esasy ugurlary boýunça dünýä ylmynyň ösüşinde mynasyp orun eýeländigi dogrusynda aýratyn buýsanç bilen bellenilýär. Bu babatda Köneürgenç topragynyň ýadygärlikleriniň we birnäçe alymlaryň dünýä meşhur kitaplarynyň hemmesiniň adyny tutup, ýerine ýetiren işlerini we bitiren hyzmatlaryny sanamak mümkin däl. Horezm orta asyrlarda ylmyň, medeniýetiň, ykdysady gatnaşyklaryň iri merkezleriniň biri hasaplanýar. Baryp 1000-nji ýyllarda Horezmde «Beýtül hikme» ady bilen ylmy merkez döredilipdir. Soň bu ylmy merkeze Ýewropa alymlary «Mamunyň akademiýasy» diýip at berýärler. Bu akademiýa tötänden ýüze çykmandyr, mundan has öň Horezm Gündogar ylmynyň taryhynda mynasyp orny eýeläp gelipdir. Ol dünýä belli akyldarlary beren ýurt hökmünde tanalýar. Ylmyň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň ençemesiniň işleri häzirki döwürde hem ylmyň ösmeginde esasy daýanç bolýar. 780 — 850-nji ýyllarda ýaşan Muhammet ibn Musa al - Horezmi matematika ylmyny esaslandyran, 973 — 1048-nji ýyllarda ýaşap geçen Abu Reýhan Biruni astronomiýa, geografiýa, taryha degişli uly işleri edipdir. 980 — 1037-nji ýyllar aralygynda ýaşan Abu Ali ibn-Sina lukmançylyk ylmyna uly açyşlar girizipdirler. Şeýle-de, Mahmyt Zamahşary, Nejmeddin Kubra we beýleki alymlaryň türkmen ylmyna goşan goşantlary uludyr. «Mamunyň akademiýasy» ylmyň dürli pudaklary boýunça işläp, onda obserwatoriýa, alymlaryň, şeýle hem daşary ýurt alymlarynyň arap, pars, dariý, ýunan dillerinde ýazylan kitaplary saklanýan kitaphana bolupdyr. Gymmatly ruhy hazyna bolan, gadymdan gelýän we şol döwrüň dünýewi we dini kitaplaryny döwürdeşlerine ýaýratmak we geljekki nesillere ýetirmek «Mamunyň akademiýasynyň» esasy maksady bolupdyr. Akademiýada asman gözegçiliklerini geçirmekde, ýer ölçeglerini almakda dürli astronomiki takyk esbap-gurallar ýeterlik bolupdyr. Bu toprak asmana gözegçilik etmekde dünýäde iň amatly ýer bolmak bilen, munda alymlara oňaýly şertler döredilipdir. Gürgenç iň iri medeni merkez bolupdyr, bu ýerde ylym, bilim, ussat halypalardan tälim almak başga ýurduň alymlary üçin uly mertebe hasaplanypdyr. Şol döwrüň belli alymlary Gürgençde ylym alyp, öwrenip, öz ýurtlaryna gelip işläp, Gürgenjiň akyldarlary bilen aragatnaşyk saklapdyrlar. Horezmşa Abul Abbas Mamunyň Gürgenjiň iri medeni merkez bolmagynda hyzmaty uly bolup, ol akademiýanyň alymlaryna, köşgüň myhmanlaryna sowgat-serpaý ýapyp, bu topragyň ýeten derejesini abat saklamak üçin köp zähmet siňdiripdir. Gadymy Köneürgenç topragy diňe bir syýasy, ykdysady, sosial wakalary bilen däl, eýsem, ylmyň uly merkezi bolandygy bilen hem adamzadyň hakydasynda galypdyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ylym-bilime giň ýol
20.12.2025   204
Jemgyýet Şadyýan tomus
23.06.2025   303
Jemgyýet Dabaraly maslahat geçirildi
17.07.2026   87
Jemgyýet Asylly ýörelgäniň esasynda
07.09.2026   20
Jemgyýet Ajaýyp eseriň gymmaty wagyz edildi
28.12.2024   419
Jemgyýet Pähim-paýhas ummanyndan damjalar
06.11.2024   453
Jemgyýet Merdana pederlerimiziň nusgalyk ýoly
02.04.2026   118
Jemgyýet Galkynyşyň ak ýoly
23.04.2026   134
image