Ylhamly pursatlaryň duralgasy
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Ylhamly pursatlaryň duralgasy

Jemgyýet
24.04.2026  57

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Daşoguz welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan!» atly şygar bilen halypa ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Altynýol geňeşliginiň Dilewar oba medeniýet öýünde geçirilen bu duşuşygy ýazyjy, «Biznes-reklama» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbannazar Orazgulyýew alyp bardy. Duşuşykda şahyr, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejepow, şahyr, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Babadurdy Babaýew, şahyr, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Dädebaý Nartyýew dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda häzirki zaman jemgyýetinde edebiýatyň we sungatyň adamyň içki dünýäsini baýlaşdyrmakdaky orny, döredijilik duşuşygynyň diňe bir hünär ussatlygyny görkezmän, eýsem, ýaş döredijiler üçin uly mekdepdigi, halypalaryň döredijilik ýoly bilen tanyşmaga mümkinçilik berýändigi, okyjynyň ýa-da tomaşaçynyň özüni gyzyklandyrýan soraga garaşylmadyk, içgin jogap alyp bilýändigi, galyberse-de, şu uly wakanyň oňa gatnaşanlarda okamaga, öwrenmäge, döretmäge we gözlegde bolmaga höwes döredýändigi dogrusynda gyzykly söhbet etdiler. Duşuşygyň dowamynda şahyrlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny, milli gymmatlyklarymyzy wasp edýän şygyrlaryny okap berdiler. Dabarada etrap medeniýet bölüminiň aýdym-saz topary edebiýatyň we sungatyň muşdaklaryna ýatdan çykmajak lezzet paýladylar.

***

Halypa ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda şeýle mazmundaky döredijilik duşuşygy welaýatyň Gubadag etrap medeniýet öýünde hem geçirildi. Ýazyjy-şahyrlaryň, sungat ussatlarynyň okyjylar we öz muşdaklary bilen göni aragatnaşygyny üpjün eden bu duşuşyk oňa gatnaşanlarda döredijilik uçgunlaryny oýaryp, kalplaryny ylhamdan doldurdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dili senaly goja
26.08.2024   416
Jemgyýet Jana şypaly melhemler mesgeni
22.07.2025   298
Jemgyýet Sagdynlyk — bagtyýarlyk, ruhubelentlik
15.07.2025   194
Jemgyýet Sungatyň ýaş zehinleri
05.03.2026   76
Jemgyýet Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna
22.11.2024   422
Jemgyýet Maşgala gymmatlygy — döwrüň talaby
09.04.2024   434
image