Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ykdysady özgertmelerde bank-maliýe ulgamynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreler aýratyn orun tutýar. Onuň durnukly ösüşini üpjün etmekde innowasion tehnologiýalary peýdalanmak ýaly möhüm çäreler durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalaryň ösmegi bilen, bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklar hödürlenýän hyzmatlaryň sany yzygiderli artýar. Ýurdumyzyň söwda we hyzmat ediş nokatlaryndan harytlary satyn almaga, aragatnaşyk, saglygy goraýyş, edaralaryň hyzmatlary, awtoulaglaryň ýangyjy, döwlet ätiýaçlandyryş, demir ýol, awiapetekler üçin tölegler terminallaryň hem-de bankomatlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Bankomatlaryň hem-de ykjam el telefonlarynyň üsti bilen degişli edaralara gitmezden, saglyk ätiýaçlandyrma hyzmaty, «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet hyzmatlary, öýjükli telefonlaryň hyzmaty, öý telefon we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin tölegleri tölemek, karzlary gaýtarmak hem-de olaryň göterimlerini tölemek, müşderiniň öýjükli telefonlaryna SMS arkaly bank kartynyň üsti bilen geçirilen amallar boýunça habar beriş hyzmaty ýaly amatly mümkinçilikler döredildi.
Bank ulgamy ýurdumyzda ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagyna we düýpli ykdysady ösüşlere ýakyndan gatnaşýar. Şonuň netijesinde «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» netijeli durmuşa geçirilýär. Banklar ylmyň täze gazanan üstünliklerini we döwrebap usullary peýdalanyp, ýurduň ähli ýerlerinde öz şahamçalary boýunça töleg kartlarynyň giň mümkinçiliklerini halka hödürleýär. Bu hem halkymyz üçin dürli ýeňillikleri döredýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň giňden ulanylmagy, bank kartlarynyň artmagy ykdysadyýetimiz üçin uly ähmiýete eýedir.