Ykdysadyýetiň möhüm pudagy
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Ykdysadyýet
24.12.2024  275

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli daýhançylyk däpleri mynasyp dowam etdirilýär.

Oba ýerinde märekelerde, toý-tomaşalarda ýa-da bäş-atly adamyň üýşen ýerinde ekilen ýer boş çykmasyn diýilmesi häli-şindi gulagymyza degýär. Öňki döwürlerde adamlar miweli agaçlary, gök-bakja, däneli ekinleri ösdürip ýetişdiripdirler. Daýhanlar halal zähmet siňdirilip ýetişdirilen oba hojalyk ekinleriniň bitginli hasylyny ýygnap, däne saklanýan jaýlarda, şeýle-de ýörite niýetlenen ýerlerde saklapdyrlar. Käbir ýyllarda güýz aýlarynda ekinleri sowugyň ir urmagy, ýaz paslynyň salkyn, ýagyşly bolmagy ýa-da ýaz paslynyň daýhançylyk üçin amatsyz gelmegi netijesinde ekin ýerleriniň hasylynyň pes bolmagyna, şonuň ýaly-da, ýere harçlanan tohum-çigidiňem ödelmedik mahalynda daýhanlaryň hasyl bolmady diýen manyda boş çykdyk diýäýmesi bar.

Daýhanlar ekiniň başy hem soňy mäş diýipdirler, olar ýaşuly adamlaryň, ekerançylaryň, daýhançylykdan oňat baş çykarýan adamlaryň maslahatyna eýerip, ýerleri taýýarlap ekipdirler. Oba adamlary mäş, künji, dary ýaly giçki ekinleri ekip, hasyl alypdyrlar. Hasyly kem bolan ýyly adamlar goňşy obadan, daýhan bazarlaryndan we alysdan gelýän söwdagär kerwenlerden bugdaý, mäş, künji, jöwen, dary ýaly däne-düwür hem-de dürli görnüşli gök-bakja, miwe we bakja önümleri satyn alyp, alyş-çalyş edipdirler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşýan ata Watanymyzyň ykdysadyýeti bedew bady bilen ösýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýän döwründe oba hojalygyny ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň oba hojalygynda ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly özgertmeleriň giň toplumy alnyp barylýar. Amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň gözbaşynda daýhany ýeriň hakyky eýesi etmek we milli ykdysadyýetimiziň bu pudagyny has-da ösdürmek wezipesi bar. Bu wezipäniň üstünlikli çözülmegi bolsa, ahyrky netijede, halkymyzyň oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün edilmegine we ady agzalan pudakda zähmet çekýän ynsanlaryň durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsir edýär. Durmuşa geçirilýän işler ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna, şeýle hem bazarlarymyzyň öz önümlerimiz bilen dolup durmagyna saldamly goşant goşýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Obanyň özgerýän keşbi
03.07.2024   386
Ykdysadyýet «Ak altyn» harmany beýgelýär
19.09.2025   162
Ykdysadyýet Ýörite tehnikalaryň täze tapgyry
15.01.2026   135
Ykdysadyýet Güller — zeminiň gözelligi
10.06.2025   215
Ykdysadyýet Tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyş
23.01.2026   126
Ykdysadyýet Bag ekmek möwsümine taýýarlyk
13.03.2025   284
Ykdysadyýet Galla-2026
15.06.2026   61
Ykdysadyýet Bol hasyl ugrunda
31.03.2025   292
image