Milli ykdysadyýetimizi düýpli diwersifikasiýalaşdyrmaklyga we ýokary tehnologiýaly önümçilik ulgamynyň binýadyny berkitmeklige Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe örän uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ykdysady ulgama we senagat önümçiligine sanly tehnologiýalaryň we innowasion çözgütleriň giň gerimde ornaşdyrylmagy aýdyň göze ilýär.
Ykdysady ulgamdaky döwrebap innowasiýalar ylmyň, tehnologiýalaryň barha rowaçlanýan döwründe möhüm orun eýeleýär. Kämil tehnologiýalara daýanýan häzirki döwrüň ykdysadyýetine tizlik, ygtybarlylyk we tygşytlylyk ýaly häsiýetler mahsusdyr. Ýurdumyzyň täze taryhy döwründe milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan özgertmeler bu görkezijilere laýyklykda amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda bu ugurda döredilýän giň mümkinçilikler milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak babatda alnyp barylýan işleri has ilerletmäge şert döredýär.
Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, ykdysady ösüş depgininiň çaltlanmagynda sanly ykdysadyýetiň ähmiýeti äşgär duýulýar. Häzirki döwürde dünýäde tehnologiýalaryň ösüşi örän çalt depgine eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady ulgamda gazanylýan ösüşlere, amala aşyrylýan özgertmelere nazar salanyňda hem, bu ugurda ösüşiň täze hil derejesine — täze galkynyşly sepgitlere ýetilýändigini görmek bolýar.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Elektron resminama hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bu ugurda amala aşyrylýan işleriň has-da ilerlemegine ýardam berýär.